Angliýada rysarlar hakda orta asyr eposynyň 90 göterimi ýitirilipdir

Angliýada rysarlar hakda orta asyr eposynyň 90 göterimi ýitirilipdir

Oksford uniwersitetiniň dilçileridir taryhçylary orta asyr iňlis gahrymançylykly ýa-da rysarlar baradaky taryhlaryň 90 göteriminiň mundan birnäçe ýüz ýyl öň ýitirilendigini kesgitlediler.

Şonuň bilen birlikde, ol taryhlaryň belli bir böleginiň island we irland dillerinde saklanyp galandygy belli boldy.

EurekAlert ylmy neşiriniň ýazmagyna görä, gadymy iňlis eposy düýbünden ýitirilen derejededir.

Biz orta asyr edebiýatynyň iňlis dilinde pes derejede saklanandygyny Genrih VIII döwründe monastyrlaryň talanmagy bilen baglanyşdyryp bilerdik, emma iňlis dilinde gahrymançylykly taryhlar monastyrlaryň kitaphanalarynda seýrek duşýardy diýip, professor Deniel Soýer aýdýar.

Irland we island orta asyr edebiýatlarynyň saklanyp galmagynyň esasy sebäbi çaphana işiniň oýlanyp tapylanyndan köp döwür soňam bu halklarda kitaplaryň golýazma nusgalaryny taýýarlamak däbiniň dowam edendigi bilen düşündirilýär.

Bu barada Rossiýskaýa gazeta ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Moskwanyň Gündogar muzeýi Babasary Annamyradowyň eserleriniň sergisini hödürleýär
Jorj Baýronyň ýygyndysy
Baýronyň ýygyndysy 113 ýyldan soň gaýtarylyp berildi
Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Saud awiakompaniýasy tutuşlygyna zenan ekipažy bilen taryhda ilkinji awiagatnawy amala aşyrdy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU himiýadan halkara internet olimpiadasyny geçirdi