Angliýada öňden düzülen ýeňil parollary ulanmak gadagan ediler

Angliýada öňden düzülen ýeňil parollary ulanmak gadagan ediler

Angliýanyň hökümeti sarp edijileri telefonlaryna, planşetlerine, akylly telewizorlaryna, fitnes-trekerlerine we beýleki internete birikdirilen enjamlara amala aşyrylyp bilinjek haker hüjümlerinden has gowy gorajak kanun kabul etdi. Bu barada UK Government-e salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Täze kabul edilen kanun öňden düzülen parollar bilen baglanyşykly.Ol internet bilen baglanyşykly enjamlary öndürijilerden, import edijilerden we paýlaýjylardan berk kiberhowpsuzlyk standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmegi talap eder.

Bu talaplary ýerine ýetirmedikler agyr jerime tölemeli bolarlar.Kanun enjamlarda öňden düzülen ählumumy parollary goýmagy gadagan eder.Ulanyjy indi öz gadjetinde password we admin ýaly aňsat bilip bolýan paroly bardyr öýdüp alada etmeli bolmaz.

Beýle parollar köplenç hakerleriň enjamlara hüjüm etmegini aňsatlaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Sky News: “Çelsini” satyn almak üçin arzalar 18-nji marta çenli kabul ediler
Türkmenistandaky garaşsyz žurnalistika: yzarlamalar, türme, gynamalar we ölüm
UKYNYŇ BEÝNÄ TÄSIRI
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
26.02.2020 | Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär