Angliýanyň Meteorologiýa edarasy resmi internet saýty arkaly 2022-nji ýylda ýurtdaky howa ýagdaýy baradaky deslapky maglumatlary ýaýratdy. Ýurtda 139 ýyldan bäri howa ýagdaýy barada maglumat ýöredilip, tamamlanyp barýan ýylyň iň yssy ýyl bolandygyny mälim etdi.
Bu ýylky howanyň ortaça temperaturasynyň 2014-nji ýyldaky rekorddan ýokary boljakdygy bellenilýär. Ýurduň orta sebitlerinde dekabr aýyndan beýleki 11 aýyň dowamynda howa her pasyldaky ortaça temperaturadan has ýokary bolupdyr. Ýurtda käbir ýerlerde tomus aýlarynda ilkinji gezek 40 derejeden ýokary temperatura hasaba alnypdyr.
Koningsbaý hem-de Linkolnşaýr etraplarynda iň ýokary temperatura rekord 40,3 derejä ýetipdir.
Şeýle hem Beýik Britaniýanyň beýleki administratiw sebitlerinde hem aşa yssy howa hasaba alnypdyr. Termometriň görkezijileri ilkinji gezek Uelsde 37,1 derejäni, Şotlandiýada 34,8 derejäni görkezipdir.
Şeýle hem ýagynyň has az ýagandygy mälim edildi. Ýylyň diňe ilkinji iki aýynda adatdakysy ýaly ýagyn düşüpdir. Ondan soňra ýagynyň mukdary ortaçadan pes bolupdyr.