Angliýa faworit, ýöne…

EURO 2024-de şu günem 2 ýarym finalçy belli bolar. Şu gijeki çärýek final oýunlarynyň birinjisinde Angliýa bilen Şweýsariýanyň ýygyndylary duşuşar. 21:00-da başlanjak bu duşuşyk Düsseldorf şäherindäki “Merkur Spiel-Arena” stadionynda geçiriler.

Duşuşykda italiýaly Daniele Orsato jürlewük çalar.Iki topar mundan ozal 27 gezek gabatlaşdylar. Şolarda Angliýa 18, Şweýsariýa 3 gezek ýeňiş gazanyp, 6 oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady (59-20 gol).

Iki topar yklym ýaryşynda-da 2 gezek duşuşdylar. Şolaryň ikisi hem toparçalarda bolup, 1996-njy ýyldaky oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy (Şirer 23 Türkýylmaz 83 p). 2004-nji ýylda bolsa Angliýa Runi (23, 75) we Jerrardyň (82) gollary bilen 3-0 hasabynda utupdy.

Duşuşygyň faworiti iňlisler bolsa-da, şweýsarlar görkezen şowly çykyşlary bilen olardan sýurprize garaşýanlaryň sany az däl.Angliýa içgysgynç oýny bilen çärýek finala çykan bolsa, şweýsarlar owadan, sazlaşykly oýunlar bilen bu ýere geldi.

Angliýada UEFA tarapyndan jerime berlen Jud Bellingam bu gijeki oýunda meýdança çykar.Mälim bolşy ýaly, oňa UEFA tarapyndan geçiren golundan soň eden gelşiksiz hereketi üçin 30 müň ýewro hem-de bir oýunlyk jerime salnypdy.

Onuň bir oýunlyk jerimesi Bellingam ýene-de bellige düşen ýagdaýynda güýje girer.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Ronaldonyň gözýaşlary, Diogo Koştanyň erjelligi we Portugaliýa 7-nji gezek çärýek finalda
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa
Ispaniýanyň ýygyndysy näçe pul baýragyny gazandy?
Angliýada Sautgeýtiň döwri tamamlandy