Angela Merkel Nansen baýragyna mynasyp boldy

Germaniýanyň ozalky Kansleri Angela Merkel Ženewada geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça bitiren hyzmatlary üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasy tarapyndan her ýyl gowşurylýan Nansen baýragy bilen sylaglandy.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Merkel bu abraýly baýragy 2015-nji we 2016-njy ýyllardaky migrasiýa kynçylyklarynda siriýaly bosgunlara ýardam berenlere bagyşlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Angela Merkel bosgunlaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Ol özüne berlen baýragyň 150 müň dollaryny dört sebit laureatlaryna, şol sanda 50 ýyl bäri Kosta-Rikadaky bosgunlara kömek edip gelýän zenana we yrakly lukman zenana berdi. Bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça gowşurylýan Nansen baýragy bosgunlaryň hukuklaryny gorap çykyş eden norwegiýaly alym Fritof Nanseniň hormatyna 1954-nji ýylda esaslandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
Lukaşenko Bilen Merkel Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy
Merkel we Lukaşenko Polşa serhedindäki bosgun krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi
Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi