Ançous Eksporty Arty

Ançous Eksporty Arty

Türkiýe 11 aýda ançous eksportyndan 13,5 million dollarlyk girdeji gazandy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, ýanwar-noýabr aýlarynda 20 ýurda 2 müň 717 tonna ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Ançous eksportundan 13 million 548 müň 674 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Kalýonju, eksportyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim artandygyny belledi.

Kalýonju, Fransiýanyň, Belgiýanyň we ABŞ-nyň eksport sanawynda esasy orun eýeländigini nygtady.

Saffet Kalýonju “Türkiýeden 11 aýda Fransiýa 4 million 856 müň 366, Belgiýa 3 million 986 müň 641 we ABŞ-na 1 million 230 müň 14 dollarlyk ançous balygy satyldy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ançous Eksportundan 12 Million 306 Müň 154 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Ançous Eksporty 29 Göterim Artdy
Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Awtoulag Eksporty 11,79 Göterim Artdy
Türkiýäniň Şaý-Sep Eksporty Artdy