Ançous Eksporty 29 Göterim Artdy

Ançous Eksporty 29 Göterim Artdy

Ançous eksporty 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 29 göterim artyp 976 müň 905 dollara barabar boldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Deňiz önümleri senagaty komitetiniň başlygynyň orunbasary Ilker Ýyldyrym, Türkiýeden ýanwar aýynda 12 ýurda ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 288 tonna ançous balygynyň eksport edilendigini we 758 müň 405 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Ýyldyrym, “Türkiýeden 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda 416 tonna ançous eksport edilip 976 müň 905 dollarlyk girdeji gazanyldy”diýdi.

Eksport sanawynda 313 müň 672 dollar bilen Belgiýa esasy orun eýeledi.

Sanawda Belgiýadan soň 265 müň 984 dollar bilen Germaniýa ikinji, 184 müň 90 dollar bilen Ukraina üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär
Losos Eksporty 26 Göterim Artdy
Dokma Senagatynyň Eksporty Artdy
Ýanwar Aýynda 532 Tonna Losos Balygy Eksport Edildi
Ançous Eksporty Arty
Şaý-sep Eksporty 6 Milliard Dollara Barabar Boldy