Ançelotti UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 100-nji ýeňşini gazandy

Ançelotti UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 100-nji ýeňşini gazandy

Madridiň Realynyň italiýaly baş tälimçisi Karlo Ançelotti Çempionlar ligasynda 100 ýeňiş gazanan tälimçileriň hataryna girdi. Ýakyn geljekde ol Mançester Ýunaýtediň ozalky baş tälimçisi Aleks Fergýussonyň 102 ýeňişlik rekordyny hem täzeläp biler.

2-nji tapgyrda Realyň öz meýdanynda RB Leýpsigi 2:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Madrid şäherine wekilçilik edýän toparyň gollaryny Federiko Walwerde bilen Marko Asensio geçirdi.

Karlo Ançelotti Realdan başga-da, dürli ýyllarda Londonyň Çelsi, Mýunheniň Bawariýa, Italiýanyň Milan we Napoli hem-de Angliýanyň Ewerton toparlaryna tälim berdi. Ol Realyň we Milanyň başynda Ýewropanyň iň ýokary derejeli kubogyna iki gezekden mynasyp bolup gördi. Ançelottiniň şahsy üstünlikleriniň gaznasyny Ispaniýanyň kubogy, naýbaşy kubogy we çempionlygy hem bezeýär.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Ançelottiniň 100-nji ýeňşi, rekorda golaýlady
“Real Madrid” 5 minutda finala çykdy
Reala kyn günler garaşýar
Real täze hüjümçileri satyn almaz
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi