Ispaniýanyň Real klubynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti toparyň halypasy hökmündäki oýunlarynyň sanyny 200-e tegeledi.Düýn geçirilen Ançelottiniň ýubileý duşuşygynda onuň şägirtleri Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final tapgyrynda Walensiýany oýundan soňky penaltiler boýunça (esasy wagtda 1:1 hasabynda deň oýnaldy) ýeňlişe sezewar etdiler.
Real ýaryşyň finalynda şu gün geçiriljek Betis — Barselona gapma-garşylygynyň ýeňijisine garşy meýdança çykar.Final oýny 15-nji ýanwarda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, Ançelotti Realyň baş tälimçisi hökmündäki oýunlarynyň sany boýunça häzirki wagtda dördünji ýerde barýar. Ondan öňde Migel Munýos (605 oýun), Zineddin Zidan (263 oýun) we Wisente Del Boske (246) ýaly hünärmenler bar.