Analiz: Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar ýatagy üstündäki 30 ýyllyk dawany çözdi

Analiz: Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar ýatagy üstündäki 30 ýyllyk dawany çözdi

30 ýyla golaý dowam eden gepleşiklerden, dawalardan we haýbatlardan soň, Azerbaýjan bilen Türkmenistan iki ýurduň Hazar deňziniň aralygynda ýerleşýän dawaly uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmegi barada ylalaşyga geldi.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 21-nji ýanwarda geçirilen wideokonferensiýa ýygnagynda Dostluk ýatagyny özleşdirmek barada düşünişmek jarnamasyna gol çekilendigini yglan etdiler.

Uglewodorod ýatagy baradaky ylalaşyk Hazar ýakasyndaky iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmakda ädilen möhüm ädim bolmak bilen bir hatarda, Trans-Hazar geçirijisiniň gurluşygy babatdaky planlary hem gaýtadan gün tertibine getirýär.

Gürrüňi edilýän ýatagyň ady Dostluk bolup, ol eglişigi, ylalaşygy aňladýar.

Iki ýurt bu ýatagyň üstünde Sowet Soýuz 1991-nji ýylyň aýagynda dargaly bäri dawa edýär, Azerbaýjan ony Kýapaz diýip atlandyrsa, Türkmenistan bu ýataga Serdar diýip at berdi.

Aslynda, bu Hazar deňziniň ortasynda, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýerleşýän we üstünde dawa edilýän üç ýatagyň diňe biri bolup durýar. Beýleki iki ýatak Azeri we Çirag bolup, Türkmenistan olary degişlilikde Omar we Osman ýataklary diýip atlandyrýar.

Emma Azerbaýjan bu iki ýatagy, Türkmenistan bilen eýeçilik dawasyny çözmezden, BP-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara konsorsiumyň kömegi bilen, bireýýämden bäri özleşdirip ýör. Has anygy, Azerbaýjan Çiragy 1997-nji ýylda, Azeri ýatagyny bolsa 2002-nji ýylda özleşdirip başlady.

Azerbaýjanyň bu iki ýatagy özleşdirmek karary Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň gaharyny getirdi. Sebäbi ol 1996-njy ýylda, iki ýurduň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşmak üçin, Bakuwa sapar edip, Azerbaýjanyň prezidenti Heýdar Alyýew bilen duşuşypdy.

Çirag we Azeri ýataklarynda önümçilik işleriniň başlanmagy bilen, türkmen-azeri gatnaşyklary barha beter ýaramazlaşdy.

Golaý aralykda ýerleşýän üçünji ýatak - Güneşli bilen bilelikde, bu üç ýatakdan alyp boljak nebit ätiýaçlyklary takmynan 7 milliard barrele barabar we, Azeri, Çirag we Güneşli (AÇG) ýataklary Azerbaýjanyň nebit önümçiliginiň esasyny düzdi. Ýöne 2010-njy ýylda iň ýokary derejesine galan we günde 823,100 barrele çenli ýokarlanan nebit önümçiligi şondan soň kem-kemden azalýar.

Şu aralykda, tanker ýetmezçiligi Türkmenistanyň eksport edip biljek nebitiniň mukdaryny çäklendirdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Heýdar Alyýew (2003) we Nyýazow (2006) ýogalandan soň gowulaşyp başlady, ýöne muňa garamazdan, Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň aýaklarynda hem Çirag we Azeri ýataklaryna eýeçilik meselesini halkara arbitraž suduna çykarmak pikirini edýärdi.

2007-nji ýylda, Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda gelen ilkinji ýylynda, Türkmenistan III Blok, Serdar (häzirki Dostluk) ýatagyny özleşdirmek üçin Kiprde ýerleşýän "Buried Hill" kompaniýasyna ygtyýarnama berdi we bu kompaniýa seýsmiki gözleg işlerine başlady, ýöne Türkmenistan we Azerbaýjan iki ýurduň ýatak üstündäki dawalary çözülýänçä bu ýerdäki islendik işi duruzmak kararyna geldi.

Şeýlelikde, Dostluk ýatagy baradaky jarnama gol çekilmegi iki ýurt üçin hem möhüm üstünlik boldy we Alyýew munuň "iki ýurduň alnyp barýan tutanýerli işleriniň" netijesi bolandygyny ýaňzytdy.

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) resmisi Ibragim Ahmedow "geljekde bu ýatagyň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly entek köp tehniki we täjirçilik detallarynyň işlenip düzülmelidigini" aýtdy. Ýöne ol gol çekilen jarnamany öwüp, ony "Azerbaýjanyň goňşusy Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň taryhyndaky täze döwrüň" buşlukçysy diýip atlandyrdy.

Dostluk ýatagynda takmynan 1,4 milliard barrele barabar nebitiň bardygy subut edildi we mundan beýläkki gözlegler has-da köp goruň üstünden getirip biler diýip pikir edilýär.

Ahmedow sözüni dowam etdirip, Çirag we Azeri ýataklarynyň özleşdirilmegi netijesinde, "biziň Hazarda infrastrukturamyz we geçirijilerimiz bar, bu sebiti Ýewropanyň we beýleki sebitleriň bazarlary bilen birleşdirýän nebit turbalarymyz we gaz turbalarymyz bar" diýdi.

Bu has uly meseläniň, her ýyl 30 milliard kub metr türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen ilki Azerbaýjana, soňra Ýewropa eksport etmegi maksat edinýän Trans-Hazar geçirijisiniň ähmiýetini ýokarlandyrýar.

Uly ylmy işgär we NATO-nyň Kanadadaky assosiasiýasynyň energiýa howpsuzlygy programmasynyň direktory Robert Katler Hazaryň geosyýasy we energiýa meseleleri boýunça öňdebaryjy hünärmen bolup durýar.

"Bu, 2018-nji ýylyň awgust aýyndaky Aktau şertnamasy netijesinde işlenip düzülen we tizleşdirilen [düşünişmek jarnamasy] hakykatda Trans-Hazar geçirijisiniň öňünde duran soňky päsgelçiligi ýok edýär" diýip, Katler Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hazar deňziniň durumy we onuň bölünişi üstünde uzaga çeken oňuşmazlyk ahyrynda esasan Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazar sammitinde, 2018-nji ýylyň awgust aýynda Eýran, Gazagystan we Russiýa ýaly bäş kenarýaka döwletiň ýolbaşçylarynyň Hazar deňzi konwensiýasyna gol çekmegi bilen aradan aýryldy.

Dostlugy özleşdirmek baradaky ylalaşyk türkmen-azeri hyzmatdaşlygynda Hazar deňzindäki ýataklary bilelikde özleşdirmek babatda ädilen möhüm ädim bolmak bilen, ahyr netijede Trans-Hazar geçirijisini gurmagyň hem açary bolup biler diýip, hünärmen pikir edýär.

"Iki tarapyň ikitaraplaýyn gepleşikler wagtynda Trans-Hazar geçirijisi boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada jikme-jik maslahtlaşandygyna şek ýok, hut şu hem häzirki [düşünişmek jarnamasyna] alyp geldi" diýip, Katler aýtdy.

Ahmedowyň belleýşi ýaly, Dostluk ýatagynda edilmeli hyzmatdaşlyk boýunça entek çözülmeli “köp” jikme-jiklik bar we şolaryň biri hem şübhesiz geçiriji taslamasynyň maliýeleşdirilmegi bolar.

Azerbaýjanda Trans-Anadoly tebigy gaz geçirijisini (TANAP) doldurmak üçin ýeterlik gaz ýok, sebäbi bu geçirijiniň geçirmeli gazynyö mukdary köpeldi we 60 milliard kub metre çenli baryp ýetdi; şol bir wagtda-da TANAP tarapyndan akdyryljak gaza ýene birnäçe ýurduň goşant goşjakdygy aýdylýar.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan TANAP arkaly Ýewropa gaz iberjek görnetin seçgi bolup durýar.

Katleriň pikiriçe, Dostluk baradaky jarnama gol çekilenden soň, "Synçylar Trans-Hazar geçirijisiniň gurulmagy babatda ýakyn wagtda boljak ilerlemelere geň galmaly däl".

Emma muňa garamazdan, bu ýerde entek bir uly kynçylyk hem bar.

SOCAR öz pullaryny energiýa eksport taslamalaryna, şol sanda azeri gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa getirýän TANAP geçirijisine ýatyrdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti bolsa häzir çökgünlik ýagdaýynda we bu ýurt öz tapyp bilen islendik täze girdejisini ulanmaga mejbur bolar.

Ýöne Alyýew 2018-nji ýylyň awgust aýynyň aýagynda Azerbaýjanyň türkmen gazy üçin tranzit ýurt hökmünde çykyş etmek isleýändigini açyk aýtdy we, eger-de Türkmenistan geçiriji gurulmagyny islese, hökümet bu taslamany SOCAR-yň eksport-ugur taslamalaryny maliýeleşdirişi ýaly maliýeleşdirmeli diýdi.

Wideosammitde azeri we türkmen liderleriniň aýdan hoşgylaw sözlerinden Alyýewiň Dostluk ýatagynyň özleşdirilmegine Türkmenistan hem maddy taýdan goşant goşmaly diýip pikir edýändigini aňlap bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
SOCAR bilen Ýewropa Bileleşigi TANAP we TAP-yň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär