Hoşgeldi Garly
19-njy aprelde Serdar Berdimuhamedowyň öz kakasynyň wezipesine resmi taýdan geçmegine takyk bir aý boldy.
Emma,bu gysga döwürde ýaş prezident haýsy ýoldan gitjekdigini 19-njy martda kasam kabul edende,söz berişi ýaly’ yşarat edip başlana meňzeýär.
Eger geçen bir aýyň dowamynda bolup geçen wakalaryň käbirine syn etsek, onda Türkmenistanyň syýasy durmuşynda oňyn özgerşikler känbir göze ilmeýär.
Gaýtam tersine, köpçülikde känbir ýüzi gülmeýän’ kiçi Berdimuhamedow bu döwürde ýurtda syýasy yklymyň hasam ýaramazlaşmagynyň ähtimaldygy barada käbir synçylaryň howatyrlamalarynyň ýerliklidigini görkezýän ädimleri ätdi.
Mysal üçin, öňki wise-premýer, prezident bolandan soňra 6-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň (TDHG) ilkinji giňişleýin mejlisinde (edil kakasy ýaly öňündäki kompiýuterden okap eden çykyşynda) diýdimzor tilsimleri’ ulanyp, Aşgabatda ýol hereket düzgünleriniň bozulandygy üçin içeri işler ministr Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşatdy we ony (edil kakasynyň işden boşadylan emeldarlary kowuşy ýaly) ýygnak geçýän hökümet jaýyndan çykardy.
Hojanyýazowyň ýerine Lebap welaýatynyň polisiýa müdirýetiniň başlygy Muhammet Hydyrow täze IIM bellendi.
Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” hem maglumat beripdi.
Şol mejlisde Baş prokuror Batyr Atdaýew çykyş edip, polisiýanyň ýol hereket düzgünlerine gözegçilik edýän Gullugynyň işleriniň derňelmegi netijesinde Aşgabatda ýokary tizlikde awtoulag sürenleriň tutulandygy we jogapkärçilige çekilendigi barada monça bolup hasabat beripdi.
Türkmen TW-niň reportajyndan görnüşi ýaly, Atdaýewiň aýdan 30 çemesi tutulan kanun bozyjylar bolsa, ýüzlerini sallap, edil birinji synp okuwçylary ýaly şümjerşip’ etmişlerini boýun aldylar we mundan buýana gaýtalamajakdyklaryna söz berdiler.
Türkmen halky we dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistandaky bu teatrlaşdyrylan’ sahna biregne, 30 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşa edip gelýärler.
Üstesine-de, Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri şol tutulanlaryň 20 çemesiniň öňki prezidentiň ýegenleriniň’ we häzirki prezidentiň doganoglanlarynyň’ dostlary hem tanyşlary bolandygyny habar berdiler.
Belki, hut şonuň üçin-de, ’TH-niň’ çeşmeleriniň aýdyşyça, “tutulanlaryň arasynda resminama görkezmek we kanun bozmalar bilne ilteşikli resminama ýazmak barada ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň talaplaryny berjaý etmedikler, kanun polisiýany kemsidenler, hatda, ýumruklaşmaga synanyşanlar” hem bolupdyr.
Eýse, bular ýaly bikanunçylyklar dünýäniň demokratik we baky bitarap’ haýsy ýurdunda bolýar?
Diňe bir halkara däl-de, öz Kanunçylygyna hem uly hormat goýýan döwletlerde hukuk
goraýjy işgärlere islendik hormatsyzlyk üçin türme tussaglygyna çenli berk jeza berilýär ýa-da köp pul jerimesi salynýar.
Emma,içinde diňe ýokary tizlikde awtoulag sürmän, hatda, adam pidasyz’ ýol heläkçiligine sebäpkärler hem bolanlar bilen ilteşikli jenaýat işiniň gozgalandygy barasynda baş prokuror Atdaýew kelam agyz dil ýarmady’.
Ýöne, dünýäniň haýsy ýurdunda ýol hereketlerinde ownuk kanun bozmalar sebäpli, bütin ýurdyň we halkyň howpsuzlygy üçin uly jogapkärçilik çekýänleriň biri IIM wezipesinden boşadylýar? Şeýle ýagdaýlar Türkmenistanyň duldegşir ýa sebitdäki goňşylary gazapli rejimli Özbegistanda, Täjigistanda we Eýranda hem entek görülmedi.
Emma, bu gülkünç’ we haýran galdyran’ hamana, kadrlar çalyşygy bir aýlyk täze prezidentli Türkmenistanda bolýar!
Ýurtda ilat arasynda ýaýran gürrüňlere görä, kiçi Berdimuhamedow entek Ahalyň häkimi wagty göwnünden turmadyk golastyndakylara boýnuňy towlaryn’ ýa-da çet ýurda giden resmi topara ýolbaşçylyk edende, agyr iş gününden soňra agşam myhmanhanadaky otagynda 100 gram içendiklerini’ görüp, “kakam sizi gaty başyňyza goýberýär.
Siz entek görersiňiz” diýip haýbat atmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek….
Belki, Hojanyýazowyň ýokary wezipeden, IIM-den “ýagdan gyl çeken” ýaly boşadylmagy häzirlikçe diňe başlangyç….
Käbir synçylaryň pikiriçe, entek öýündedigi çaklanýan, öňki IIM Öwezdurdy Hojanyýazowyň kürsisinden boşadylmagyna ýol hereket düzgünleriniň bozulmagy’däl-de, başga möhüm sebäpleriň ýa-da prezident Berdimuhamedowyň öz rejiminiň diregi we’gözi-gulagy’ boljak hukuk goraýjy edaralaryndaky arassalaýyşlar’ sebäpli bolmagy ähtimal.
Başga tarapdan,täze prezidentiň hiç halamaýandygy we kürsisine esasy howplaryň biri hasaplaýandygy çaklanýan kökli’ doganoglanlaryna göz görkezmegini”dowam etdirip, olaryň dostlarynyň we tanyşlarynyň telewideniýede görkezilen teatrlaşdyrylan’sahnanyň esasy gahrymanlaryna’öwrülmeginiň tötänlikdigi gümana.
6-njy aprelde geçirilen TDHG-niň ilkinji mejlisinde kiçi Berdimuhamedow IIM Hojanyýazowdan beýleki ähli güýç ministrlerini entek öz wezipesinde galdyrdy.
Ol diňe TDHG-niň sekretary Çarymyrat Amanowy başga işe geçýänligi sebäpli’ wezipesinden boşatdy we onuň ýerine goranmak ministr Begenç Gündogdyýewi belledi.
Şunlukda, S.Berdimuhamedow prezidentliginiň ilkinji aýynda diňe IIM-ni we Türkmenistanyň pul gaznasynyň esasy çeşmeleri nebit-gaz döwlet şirketleriniň ýolbaşçylaryny çalyşdy.
Ol kakasynyň mirasdüşeri bolýança, özüniň eýelän wezipesi- ykdysadyýet,bank we halkara maliýe gurluşlar boýunça wise-premýerlige Muhammetguly Muhammedowy belledi.
Şeýdibem, täze prezident geçen bir aýyň içinde bir tarapdan, güýç edaralarynda arassalaýyşlara’ başlap, olara özüne ygrarly ýolbaşçylary bellese, ikinjiden, iň möhümi Türkmenistanyň esasy walýuta çeşmeleri bolan nebit-gaz şirketlerine, bank,maliýe ulgamlaryndaky ýolbaşçy wezipelere hem öz adamlaryny’ goýup, döwlet Gaznasyna gözegçiligi doly öz eline geçirendigi äşgär.
Şol bir wagtda, bir aýyň içinde kiçi Berdimuhamedow birnäçe wise-premýere käýinç berip hem ýetişdi.
8-nji apreldäki hökümet mejlisinde nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Awdyrahmanowa we agro-senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer
Esenmyrat Orazgeldiýewe işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin’ käýinç yglan edildi.
Olar öňki prezident döwründe hem az kaýinç almandylar.
Mundan başga-da, kiçi Berdimuhamedow nebit-gaz pudagy boýunça maslahatçysy edip, Aşyrguly Begliýewi belledi. Emma,bu wezipäniň ilkinji gezek döredilmeginiň sebäpleri takyklanmady.
Şol bir wagtda, Serdar Berdimuhamedow halkara sahnada hem käbir ädimleri ätdi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” mundan öň ýazmagyna görä, ol Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda diplomatiýa gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy barada kärdeşi Putin bilen telefon arkaly gepleşdi.
Rus prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Putin S.Berdimuhamedowy Russiýa sapar etmäge çagyrdy. Ol çakylygy kabul etdi.
Eýse, iki aý çemesi mundan öň Ukraýina garşy harby hüjümlere başlan, gazaply söweşlerde onlarça esgeriniň, ýokary derejeli generalynyň ölümi bilen ilteşikli uly ýitgiler çekýän gäbi azan’ Putin häzirki her sagadynyň örän wajyp wagtynda kiçi Berdimuhamedowy “gyzyl halynyň” üstünden ýöretmäge wagt tapmagy özüne çekiji waka dälmi?
Belki-de, Putin Russiýa üçin ýagly omaç’ bolan Türkmenistana gözegçiligini elden gidirmeginiň ähtimaldygyna ynanyp özüniň ak patasyny’ alan kiçi Berdimuhamedowy Kremle çagyrýar….
10-njy aprelde bolsa, S.Berdimuhamedow iki ýurdyň diplomatiýa gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen bagly ABŞ-niň prezidenti Jo Baýdeni gutlady diýip TDH habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti raýat awiasiýasy,oba hojalyk, elektrik energiýa,bank pudagy boýunça netijeli hyzmatdaşlygy belledi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä ýetirmek isleýändigini yglan etdi.
Bellesek, mundan owal Jo Baýden ýollan hatynda kiçi Berdimuhamedowa “şatlykly Nowruz” arzuw etsede, prezident saýlanmagy bilen gutlamandy.
Ýöne, Jo Baýdeniň öz hatynda hamana,kärdeşini prezident saýlanandygy bilen gutlandygy’ barada resmi türkmen mediasy ýazypdy.
Şol bir wagtda, hökümetiň tarapdary bolan habar çeşmeler kiçi Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagyna Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň we Fransiýanyň wagtlaýyn prezidenti Emanuel Makronyň gutlag hatyny ýollandyklaryny hem habar berdiler.
Başga tarapdan, Serdar Berdimuhamedowyň Siriýanyň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy bilen ilteşikli diktator Başar al-Assady gutlandygyny resmi media ýazdy.
Dogrusy, 20 ýyldan gowrak diplomatiýa tejribesi bolan DIM Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň bular ýaly gutlagy öz keýpine’ ýollamandygyny çaklamak mümkin. Çünki, ençeme ýyllardan bäri Siriýada (şol sanda, etnik türkmenleriň ýaşaýan topraklarynda) on müňlerçe adamynyň ölümine sebäp bolan eli ganly’ diktator we Kremliň ýapjasy’ Başar Assada bular ýaly gutlagyň ýollanmagy Günbatara we Ýewropa döwletlerine “dodak çöwürmek” dälmi?
Eger bu sowalyň jogaby oňyn bolsa, onda kiçi Berdimuhamedowyň syýasy geljegi üçin häzir başy belaly Kremlden medet gözlejek’ bolmagynyň netijelerini wagt görkezer…
Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji aýyndaky syýasy göçümleriniň’ dowamyna ýene bir aýdan syn ederis.
(“Türkmenistanyň Hronikasy” awtoryň pikirlerini paýlaşmaýar)The post Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.