Analiz: Rusýanyň Ukraýina çozup girmeginiň Türkmenistana neneňsi täsir etmegi ähtimal?

Analiz: Rusýanyň Ukraýina çozup girmeginiň Türkmenistana neneňsi täsir etmegi ähtimal?

Hoşgeldi Garly

Bir hepde mundan öň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraýina garşy harby hüjümlere başlamak kararyny Günbatar we Ýewropa döwletleri derrew berk ýazgaryp, şol sanda, “bitaraplyk durumyna” eýe Şweýsariýa hem taryhynda ilkinji gezek hökmürowan Putine hem onuň ýokary derejeli egindeşlerine, rus banklaryna garşy yzly-yzyna gadaganlyklar girizmäge başladylar.

Dargan Soýuzyň çägindäki garaşsyz döwletleriň liderlerinden diňe Belarus prezidenti Lukaşenko Putin bilen egin-egne hyzmatdaşlyk edip, Ukraýina garşy hüjümleri açyk goldaýandygyny bütin dünýä jar etdi.

Emma, Rusýanyň başga bir goňşysy Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewden beýleki post-sowet liderleriniň hiç biri Ukraýinadaky söweşlere reýaksiýa bildirmediler.

Şol sanda, “baky bitarap” Türkmenistanyň DIM-gi iň bolmanda, sebitdäki goňşylaryndan tapawutlykda, rus harbylarynyň Ukraýina çozup girmegi bilen bagly haysyda bir beýannama entek etmedi we resmi KHS-leri ýa-da hökümet tarapdary bolan neşirler bu mowzukdan halka haýsyda bir habar bermeýärler.

Ýöne, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” eýýäm ýaýradan maglumatlaryna görä, türkmen diplomatlary Ukraýinadaky “partlamalaryň, ot açmalaryň”ortasynda galan raýatlaryny halas etmek üçin käbir aladalary edip, Rumyniýanyň, Türkiýäniň häkimiýetleri bilen gepleşikler geçirýärler.

Türkmenistanyň wagtlaýyn prezidenti Berdimuhamedowyň dosty’ hasaplanýan Belarus lideri Lukaşenkonyň hökümeti serhediniň ýapykdygyna salgylanyp, Ukraýinadaky türkmen raýatlaryny öz ýurdynyň çägine goýbermekden boýun gaçyrdy.

Başga tarapdan, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Ukraýinadaky söweşleriň ortasynda galan Türkmenistanyň raýatlary “ taýak gelinçä ýumruk” diýlişi ýaly entek türkmen diplomatlary ýeňil bolmadyk’gepleşikleri geçirýärkä, Ukraýinany terk etmek üçin dürli ýollary gözleýärler.

Emma, olaryň bu tagallalarynyň näderejede şowlydygyny tassyklatmak juda çetin ýa-da mümkin däl.

Iň möhümi-de, “aňkasy aşan” Putiniň Ukraýina garşy hüjümleri 12-nji martda Türkmenistanda geçiriljek “bäsleşikli” prezidentlik saýlawlar üçin çileli’ boldy. Bu hüjümler Türkmenistanda irki saýlawlar üçin dalaşgärleriň’ şol sanda, wagtlaýyn prezidentiň wise-premýer ogly Serdaryň saýlawçylar bilen işjeň’ duşuşyklar geçirýän wagtyna gabat geldi.

Bir tarapdan, rus prezidentiniň ahyrky haýbatlary’ bilen bagly bütin dünýä iňňe üstünde’ wagtynda dünýäniň syýasy kartasynyň näderejede üýtgejekdigi nämälim.

Başga tarapdan, Günbataryň we Ýewropa döwletleriniň Russiýa garşy gadaganlyklarynyň diňe bir Kremle däl-de, onuň bilen jebis hyzmatdaşlyk edýän döwletlere sosial-ykdysady taýdan zeper ýetirjekdigini ekspertler belleýärler.Çünki,Russiýa bilen ykdysady ýa harby bileleşige agza Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjgigistan, Özbegistan ýaly döwletleriň bazarlarynda, dükanlarynda rus harytlarynyň köpdigi habar berilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleriniň maglumatyna görä,hatda, Russiýa bilen haýsyda bir ykdysady topara girmeýän Türkmenistanyň paýtagtyndaky dükanlarda we bazarlarda hem rus harytlary ýeterlik.Ýöne, aglabasynyň bahasynyň arzan däldigi üçin olary adaty raýatlaryň satyn almagy çetin.

Russiýanyň Ukraýina çozup girmeginden soňra Gazak teňňesiniň hümmetsizlenip başlandygy hem aýdylýar.

Munuň tersine, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri soňky hepde hem dollaryň Aşgabatdaky “gara bazarda” bahasynyň takmynan, 17-19 manat aralygynda galýandygyny belleýärler.

Walýuta satýanlaryň sözlerine görä,şeýle ýagdaý irki prezidentlik saýlawlary bilen ilteşikli we häkimiýetler saýlawlaryň öň ýanynda dollaryň gara bazar’ nyrhyny saklamaga dyrjaşýarlar.

Käbir synçylaryň pikiriçe, Ukraýina garşy hüjümler öňki Soýuzyň dargamagyny “XX asyryň betbagtçylygy” hasaplaýan Putiniň arzuwlaryny’ durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimleri bolup, post-sowet giňişligindäki ýurtlaryň garaşsyzlygyna wehim salýar.

Düýbi Waşingtondaky milli goranmak uniwersitetiniň professory we analitik Erika Maratyň pikiriçe, eger Putine Kiýewe girmek we häkimiýet başynda galmak başartsa, onda nobatyň Gazagystana we Baltik ýurtlaryna gelmegi ähtimal” diýip “Vlast.kz” garaşsyz neşiri ýazýar.

Türkmenistan entek ýanwar wakalaryndan özüne gelip bilmedik Gazagystan bilen duldegşir goňşy (413 kilometrlik serhedi bar) we onuň 8 müň kilometre golay araçägi bolan Russiýa bilenem Hazar deňzi boýunça serhetleşýär.

“TH-niň” owal beren maglumatlaryna görä, Kremliň Ukraýina garşy “harby hüjümlerine” başlamazdan bary-ýogy bir gün owal Türkmenistanyň DIM Raşid Meredow Moskwa sapar edip,kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşikler geçirdi.

Rus tarapy Lawrowyň öz çykyşynyň girişinde “Türkmenistanda rus diline uly üns berilýändigine minnetdarlyk bildirip, Rusýada bilim almak isleýän ýaşlara ähli kömegi söz berendigini, Rusýanyň koronawirusa garşy sanjymlaryny Türkmenistanyň ilkinjiler hatarynda resmi hasaba alandygyny aýdandygyny” habar berdi.

Türkmen tarapy bolsa, gepleşiklerde özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gürrüň edilendigini bildirdi.

Elbetde,Meredowyň iki ýurdyň diplomatiýa gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan saparynda rus tarapy bilen irki saýlawlarda häkimiýetiň uly Berdimuhamedowdan ogluna geçirilişi barada hem gürrüň edilendigini çaklasa bolar.

Üstesine-de, jenap Meredow Moskwada GDA-niň ýerine ýetiriji toparynyň başlygynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen 12-nji martdaky irki prezidentlik saýlawlaryna GDA-niň synçylar missiýasyny ýollamagy gurnamak meselelerini maslahat edipdi.

Rus harbylarynyň Ukraýina çozup girmeginden sanlyja gün soňra, S7 Rus howa ýollary şirketiniň gurnan ýörite uçar gatnawy bilen GDA synçylarynyň Aşgabada barandygyny Rusýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp “TH” habar beripdi.

Elbetde, şol synçylar soňky 15 ýylda Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşsalarda,ÝHHG ýaly halkara guramalardan tapawutlylykda,mydama saýlawlaryň bäsleşikli we halkara ölçeglere laýyk’ geçendigini yglan edipdiler.

Hut şonuň üçinde,GDA synçylarynyň Aşgabady gezmekden we lezzetli türkmen tagamlaryny iýmekden başga özlerine haýsyda bir peýdasynyň bolmajakdygyna Türkmenistanlylar gowy düşünýärler.

Käbir ekspertleriň belleýşiçe, GDA-niň we beýleki synçylaryň 12-nji martdaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy Berdimuhamedowlar üçin örän zerur.Çünki, kiçi Berdimuhamedowyň kakasynyň mirasdüşeri boljakdygyna şübhe örän az bolan bäsleşikli saýlawlaryň’ halkara ölçeglerine laýyk geçendigini Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň birnäçe günläp dünýä jar edip, halkara jemgyýetçiligini ynandyrmaga çalyşjakdygy gürrüňsiz.

Şeýle-de 12-nji martda Türkmenistanda täze saýlanan’ prezidenti ilkinjiler hatarynda Wladimir Putiniň gutlamagyna garaşsa bolar. (eger Putuniň Ukraýina garşy hüjümleri sebäpli, Rusýada garaşylmadyk wakalar’ bolmasa).

Eger Rusýada garaşylmadyk wakalar’ ýüz berip, Putin häkimiýetden gitmäge mejbur edilse, onda 12-nji martdan soňra Türkmenistanda hem käbir özgerşikleriň’ mümkindigini çaklasa bolar.

Birinjiden, Nyýazow eýýämyndan bäri biregne, 20 ýyl çemesi bäri Türkmenistanyň Baş diplomaty bolan Raşid Meredowyň syýasy “tejribesi, at-abraýy” bilen kiçi Berdimuhamedowa çapak çaljakdygy’ gümana.

Ikinjiden, kiçi Berdimuhamedowyň hiç halamaýan we “gözünde oky bolsa atjakdygy” aýdylýan, ýurtda özlerini “han özi soltan özi” ýaly alyp barýan,neberesiniň “köklidigi” bellenýän, ýurdyň tebigy baýlyklaryny satyp, milýonlarça dollarlyk emläklere eýe doganoglanlary Şamyrat we Hajymyrat Rejebowlaryň gol gowşuryp oturmajakdygyny bellemeli. Çünki, olar kiçi Berdimuhamedowyň “maşgalany biabraý edýändigi” üçin özlerini asla halamaýandygyny we kakasynyň mirasdüşeri bolandan soňra diýenini etdirmäge çalyşjakdygyny, eger ony diňlemeseler, özlerini Owadandepä hem ýollamagynyň ähtimaldygyna pugta düşünýändigi şübhesiz.

Üçünjiden, hususan, sosial ulgamlar arkaly Türkmen rejimine garşy çykyş edýän daşary ýurtlardaky aktiwistler we oppozisiýa Türkmenistandaky tarapdarlary bilen guramaçylykly işleri ýola goýmagy başarsalar, onda haýsyda bir üstünligi (örän az bolsa-da) gazanmagy ähtimal.

Dördünjiden, soňky 15 ýylda esasan, parahorlykda, döwlet emlägini ogurlanlykda aýyplanyp, ministrlikden, häkimlikden we beýleki ýokary derejeli wezipelerden boşadylyp, türmä basylan ýa-da günä geçişe’ düşen pul haltasy’ bolan öňki resmileriň ýa tüçjar baýlaryň hem “herekete geçmegi” mümkin.

Elbetde, bu çaklamalaryň ählisi wagtlaýyn prezident we Milli Geňeşiň ýokarky öýüniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýyna bagly bolup biler.

Synçylaryň käbiri Türkmenistanda irki prezident saýlawlarynyň geçirilmeginiň esasy sebäbiniň uly Berdimuhamedowyň saglygynyň has peselendigi bilen ilteşiklidigine ynanýarlar we onuň halk köpçüliginiň öňünde gürlemäge hem mejalynyň galmandygyny Halk Maslahatynyň geçen aýdaky gyssagly mejlisinde eden çykyşynda şaýat bolandyklaryny aýdýarlar…

(“Türkmenistanyň Hronikasy” awtoryň pikirlerini paýlaşmaýar).The post Analiz: Rusýanyň Ukraýina çozup girmeginiň Türkmenistana neneňsi täsir etmegi ähtimal? first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
DÇ-2022: Portugaliýanyň üstünden gazanylan ýeňiş Koreýany pleý-off tapgyryna çykardy
Ýaponiýa bilen Ispaniýa 1/8 finala çykdy, ýöne tasdanam…
92 ýyllyk Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek
4 toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär
Germaniýa Ispaniýany ýeňmeli ýa-da… (8-nji günüň duşuşyklary)