Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?

Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?

Hoşgeldi Garly

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” geçen aýyň ahyrlarynda beren habaryna görä, 18-nji ýanwarda prezident Berdimuhamedow Mejlisiň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisini 11-nji fewralda geçirmek barada karara gol goýdy.

Duşuşyk wideýo şekilli geçiriler we oňa gatnaşyjylar ýurdy geljek 30 ýylda ösdürmegi maslahat ederler.

Emma,synçylaryň käbiri maslahatda geçen ýyl 40 ýaşyny dolduran we dört çaganyň kakasy Serdar Berdimuhamedowyň kakasynyň mirasdüşeri yglan edilmeginiň ähtimaldygyna ynanýarlar.

Eger geçen bir ýyldan gowrak döwre ser salsak, bu çaklamalaryň ýöne ýerden döremändigine göz ýetirmek mümkin.

Şeýle çaklamalar 2016-njy ýylda kiçi Berdimuhamedowyň Mejlise deputat saýlanmagy bilen başlanypdy. Şol wagta çenli hiç tanalmaýan prezidentiň iň uly ogly welaýatda, DIM-de we Howpsuzlyk Geňeşinde wezipeler eýeläp, ”iş tejribelerini edinenden”soňra 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bellenipdi. (Bu senäniň Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisiniň geçýän gününe gabat gelmegi tötänlikmikä?)

2022-nji ýylyň ilkinji günleri wise-premýer kiçi Berdimuhamedow sebitde iň köp ilatly Eýrana we Özbegistana sapar etdi

Mejlisiň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigi yglan edilmezden bir gün öň Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi topar Özbegistana sapar edipdi. Şonda kiçi Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen gepleşikler geçirdi. (Mundan öň ol sebitde diňe öňki Gazak lideri Nursoltan Nazarbaýew bilen 2018-nji ýylda duşuşypdy).

Kiçi Berdimuhamedow özbek liderine kakasynyň ýollan hatyny gowşurdy we onda “türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär” diýip Özbegistanyň DIM-gi maglumat ýaýratdy. Şol “hatda” başga nämeler barada gürrüň edilendigi matal bolmagynda galýar.

Emma, Berdimuhamedowyň özbek kärdeşine “Daşkentde türkmen toparyny gowy garşylandyklary üçin minnetdarlyk” bildirendigi barada türkmen mediasynyň ýazmagy käbir zatlary gytaklaýyn yşarat etdi.

Eýse, bu sapara şeýle uly üns berilmegi “tötänlikmikä”?

Kiçi Berdimuhamedow Özbegistana saparyndan bir hepde çemesi owal goňşy Eýrana (DIM Raşid Meredow) bilen birlikde sapar edipdi.

Ol Eýranyň prezidenti Ibrahim Raýisi we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen gepleşikler geçiripdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habaryna görä, gepleşiklerde ykdysady, söwda, ýangyç-energiýa pudaklary, senagat, ulag we aragatnaşyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada hem maslahat edildi.

Elbetde, olaryň türkmen-eýran gaz gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmak barada gürrüň edendiklerine şübhe ýok.Çünki,mundan birnäçe ýyl owal “gara gyşda” türkmen gazynyň goňşy ýurda akdyrylmagy petiklenenden soňra, Türkmenistan we Eýran gaz oňşuksyzlygy boýunça birek-biregi Halkara Arbitraj kazyýetine berdiler. Ýöne, olaryň netijeleri barada taraplaryň hiç biri henize çenli açyk beýanat etmediler.

Bu “mäki diplomatiýasynyň”netijesinde kiçi Berdimuhamedow Türkmenistanyň duldegşir we iň köp ilatly goňşularynyň liderleri bilen ikiçäk tanyşyp, eger olar özüniň kakasynyň ýerine geçmegini “goldasalar”,onyň ýoluny dowam etdirjekdigine ynandyran ýa-da gaz gatnaşyklaryndaky “dügünleri” çözmek babatda wadalary beren bolmagynyň mümkindigini çaklasa bolar.

Prezident-kakasynyň tabşyrygy bilen welaýatlara saparlar

Türkmenistanyň oba ilatynyň arasynda känbir tanalmaýan we Ahala häkimlik eden gysga döwründe diňe iş usulynda däl-de, özüni alyp baryşlarynda (hatda, resmileriň onuň otagyndan ýeňsesini öwrüp çykyp bilmeýändigi barada myş-myşlar ýaýrapdy) hem Ahallylaryň göwnüne känbir ýaramaýandygy aýdylan kiçi Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň dekabrynyň ahyrlarynda Türkmenistanyň welaýatlaryna bir günlik saparynda bazarlara aýlanypdy we ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligine gözegçilik edipdi.

Ol bu saparlaryndan soňra, ähli welaýatlarda ilatyň azyk üpjünçiliginiň gowydygy we bazarlarda, dükanlarda harytlaryň bahalarynyň elýeterlidigi barada prezident-kakasyna hasabat beripdi.

Ýogsam bolmasa,Türkmenistanda döwlet bahasyndan satylýan un, çörek, et, ösümlik ýagy ýaly iň esasy azyklaryň Aşgabatda ýetmezçilik edýändiginden hem ýaşaýjylaryň daň bilen nobatlara durýandygyndan çen tutsaň, oba ýerlerinde ýagdaýlaryň has-da “ýabygorlydygy” ap-aýdyň.

Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýerli jurnalistleri hem habar beripdiler.Hatda, olar geçen ýyl Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda ilatyň döwlet bahasyndan berilýän azyk paýkalaryny bary-ýogy 1-2 gezek alandyklary barada belläpdiler.

Ýöne,bulara seretmezden kiçi Berdimuhamedowyň welaýatlarda ilatyň azyk üpjünçiliginiň “gülala-güllükdigi” barada hasabat bermegi onuň oba ilatynyň arasynda goldaw aljakdygyna şübhe döredýär hem prezident-kakasynyň “ýolundan” gitjekdigini çaklamaga puryja berýär.

Halkara goldawlary gözlemek…

Kiçi Berdimuhamedow ýokary resmi wezipelere bellenenden soňra, diňe bir Türkmenistana gelen çet ýurtly liderler ýa ýokary derejeli resmiler bilen duşuşmady. Mysal üçin, ol 2021-nji ýylda resmi sapar bilen Aşgabada baran, Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowy paýtagtdaky howa menzilinde garşylapdy.

Şol bir wagtda, wise-premýer 2021-nji ýylda Russiýa birnäçe sapar etdi. Aprel aýynda bolsa, häzir ýurtda ikinji kişi we prezident Putiniň mirasdüşeri boljakdygy çaklanýan hökümet başlygy Mihail Mişustin, Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy, oňki prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşypdy.

Hatda,Sankt-Peterburgyň häkimi Aleksandr Beglow geçen tomusda öz şäherine iki gezek sapar eden Serdar Berdimuhamedowy“Sankt Peterburg bilen halkara hyzmatdaşlykda aýratyn hyzmaty üçin” diýen aýratyn nyşan bilen sylaglapdy.

2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Kazanda Ýewroaziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň sammitine synçy hökmünde gatnaşan Türkmenistana kiçi Berdimuhamedow wekilçilk etdi diýip rus metbugaty ýazypdy.

Bu wakalaryň çygrynda uly Berdimuhamedow hem ýeke-täk ogluny diňe bir Halkara ýygnaklara, çet ýurtly ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyklara ýollaman, entek ýurdyň lideri wagtynda uly ogluna öz hemaýatyny dowam etdirýändigini çaklamak mümkin. Şu ýerde Türkmen-türk gatnaşyklary babatda möhüm ösüşleri bellemek zerur.

Berdimuhamedow ýurdyň lideri bolandan 15 ýyl soňra Türki döwletleriniň Guramasyna(TDG) Türkmenistanyň synçy duruma eýe agza hökmünde goşulmagyna razyçylyk berdi. Hatda, ol TDG-niň geçen ýylyň noýabrynda ýokary howpsuzlyk çareleriniň görülmeginde Stambulyň golaýyndaky demokratiýa adasynda’ geçen maslahatyna hem gatnaşdy.

Türkiýe öňki sowet ýurtlaryndaky tebigy baýlyklary ummasyz doganlyk türki ýurtlara öz täsirini ýene-de ösdürmek üçin tagalla edýän döwründe haýsyda bir bloga girmegi halamaýan, baky bitarap” Türkmenistanyň lideri Berdimuhamedowyň ykdysady gaz bähbitlerinden ötri,TDG-ä girmäge “yrylmagynyň” aňyrsynda başga nähili möhüm sebäpler barka? Ýa-da ol diňe Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň syýasy işjeňliginden çekindimikä?

Belki-de, ol 2021-nji ýyly häkimiýet başyna geçenden 15 ýyldan soňra iň amatly pursat hasaplady.

Üstesine-de, hut Türk lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň saýasynda Türkmenistanyň birinji hanymy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň “suratyny” ilkinji gezek görmek türkmen halkyna miýesser etdi.

Pezident Berdimuhamedowyň hut ýekeje oglunyň hatyrasyna şular ýaly “gaýratly” ädimleri ätmek kararyna gelen bolmagy ähtimal…

Eýse, kiçi Berdimuhamedowyň kakasynyň wezipesine geçmegine haýsyda bir päsegelçilik barmy ?

Geçen ýylyň dekabrynyň ikinji çärýeginde garaşsyz “Türkmen.news” neşiri Berdimuhamedowyň ýegeni Şamyrat Rejebowyň dikmesi we ýakyn dosty, Aşgabadyň merkezindäki “Gülistan” söwda merkeziniň (meşhur “Ors bazarynyň”) başlygy Maksat Baýramowyň tussag edilendigini, “ýegenleriň” birnäçe dükanlarynyň ýapylandygyny habar berdi.

Neşir bu tussag etmeleriň kiçi Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen amala aşyrylandygyny belläpdi.

“Prezident bazarlary barlamak barada Serdara görkezme beren badyna,ol ilki bilen “rus bazaryndan” başlady. Ol doganoglanlaryny mydama halamazdy,soňky döwürde olara hasam gaharlanardy. Prezidentiň oglynyň pikiriçe, ýegenler maşgalany masgaralaýarlar ” diýip neşir ýazypdy.

Eger bu maglumatlardan çen tutsak, onda Türkmenistanda halkyň “gözünden düşen” we ýurdyň tebigy baýlyklaryny daşary ýurtlara satyp gazanan milýonlarça dollarlyk baýlyga eýe bolan, ýurtda özlerini han özi, soltan özi’ ýaly alyp barýan “ýegenleriň” kiçi Berdimuhamedowyň kakasynyň wezipesine geçmegini oňlamajakdyklaryny (iň pesinden, häzir bolmasa-da, uzagyndan, entek ol özüni gowy tutmanka’) çaklamak mümkin.

Sebäbi, “ýegenler”eger kiçi Berdimuhamedow öz kakasynyň wezipesini eýelese, onda özleriniň häzirki elpe-şelpeli’ ýaşaýşyny, milýonlarça dollaryny elden gidirmeginiň, hatda Owadandepä’ ýollanmagynyň ähtimaldygyna gowy düşünýandigine şübhe az. Çünki, halkyň arasynda hiç-hili at-abraýy bolmadyk lideriň öz syýasy bähbitleri we kürsüsi üçin iň ýakyn hossary ýa-da egindeşi diýman, hususan, daşary ýurtdan alan goldawy bilen asla garaşylmadyk radikal ädimleri ädýändigini Türkmenistanyň duldegşir goňşysy Gazagystanda 2022-nji ýylyň başyndan bäri dowam edýän syýasy wakalar subut edýär.

Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafanonynyň pellehanasynyň bolup-bolmajakdygy sanlyja sagatlardan soňra belli bolar…

(“Türkmenistanyň Hronikasy” awtoryň pikirlerini paýlaşmaýar)The post Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy? first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Türkmenistan we Sankt-Peterburg ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýärler
Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $1 milliarddan gowrak boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...
Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar