Analitikler iň köp millioneri bolan şäherleri atlandyrdylar

Analitikler iň köp millioneri bolan şäherleri atlandyrdylar

Henley & Partners Group konsalting kompaniýasynyň hasabatyna görä, Nýu-Ýorkda, Tokioda we San-Fransisko aýlag sebitinde has köp millioner ýaşaýar. Gözleg kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge dünýäniň dürli ýurtlaryndan 20 şäher girdi diýip, incrussia.ru habar berýär.

Reýtingi düzüjiler millioner diýip aktiwleri 1 mln dollar ýa-da ondan köp bolanlary atlandyrýarlar.Ilkinji onlukdaky şäherleriň ýarysy ABŞ-da ýerleşýär.Olardan başga-da, ilkinji onluga London, Singapur we Hytaýyň iki şäheri Pekin we Şanhaý girdi. Şol bir wagtyň özünde, London, Pekin, Şanhaý we Nýu-Ýork şu ýyl millionerleriň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Birinji ýarymýyllykda görkezijileriň peselmegi baha berilýän 20 şäherden 13-üsinde hasaba alyndy.Barly adamlaryň sany hasam Gonkongda azaldy minus 14%.Nýu-Ýorkda we Parižde bolsa 12% azalyş hasaba alyndy. 20 şäheriň 7-sinde millionerleriň sany artdy.

Hýuston amerikan şäherinde görkeziji ýokary boldy +6%. Ösüş boýunça liderleriň üçlüginde Şweýsariýanyň Ženewa şäheri we San-Fransisko aýlag sebiti bar (5% we 4%).Reýtingi düzüjiler New World Wealth analitik firmasynyň statistikasyny ulandylar.

Onuň maglumatlary esasynda millionerleriň sany taýdan iň çalt ösýän 25 şäher kesgitlendi. Üçlüge Saud Arabystandan Er-Riýad, BAE-den Şarja we Zambiýadan Lusaka girdi. Ösüş, degişlilikde, 20%, 20% we 18% boldy.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Dünýäniň iň gymmat şäheri
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Argentina Ýarym Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy