Analitikler 2022-nji ýylda dünýäde eplenýän smartfonlaryň satuwynyň 67% ýokarlanmagyna garaşýarlar

Analitikler 2022-nji ýylda dünýäde eplenýän smartfonlaryň satuwynyň 67% ýokarlanmagyna garaşýarlar

2022-nji ýylda eplenýän mobil telefonlaryň global üpjünçiligi geçen ýylky 8,1 mln bilen deňeşdirilende, 66,6% ýokarlanyp, 13,5 mln birlige ýeter diýip, International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasy çaklaýar. Muny Interfax.ru ýetirýär.

2026-njy ýylda olaryň satuwy 41,5 mln birlige çenli artar, ortaça ýyllyk ösüş depgini (CAGR) bolsa 2022 2026-njy ýyllarda 38,7%-e barabar bolar.Alyjylaryň eplenýän smartfonlara bolan gyzyklanmalary Samsung kompaniýasynyň Flip we Fold hatarlary bilen goldanýar. Şu ýylyň jemi boýunça smartfonlaryň umumy iberilişi 1,36 mlrd bolar, 2026-njy ýylda bolsa 1,459 mlrd birlige ýeter. Şeýlelik bilen, şu ýyl eplenýän modellere 1,1% bazar paýy, dört ýyldan soň 2,8% bazar paýy düşer. Şol bir wagtyň özünde, 2022 2026-njy ýyllarda ykjam telefonlaryň CAGR-y 1,4% bilen bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar
Elektronika dünýäsinden Täze ýyl sowgady — ähli tehnikalara 40%-e çenli arzanladyş
Kompýuter satuwy artdy
Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy
Ýandeks saýtynyň adyny üýtgeder
Türkmenistan plastik kartlaryň önümçiligini ýola goýar