ANALITIKA: Dünýäniň energetika bazarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma artýar

ANALITIKA: Dünýäniň energetika bazarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma artýar

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan häzirki döwürde işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanýan taraplar daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary we dünýäniň esasy energetika kompaniýalary bilen ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar.

Ozal habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň energetika hepdeligi atlandyrylan şu hepdäniň dowamynda milli nebitgaz toplumynda Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki ençeme ýurtlardan bolan kompaniýalar bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklarynyň we gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda iri we uzakmöhletli taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle yzygiderli işiň dowamy hökmünde türk tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 30-31-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Aşgabada sapary guraldy.

Şu gün türk ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi we gaz, gazhimiýa, elektrik energetikasy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, şeýle hem bilelikdäki işleriň meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Öz gezeginde ministr ikitaraplaýyn meseleleriň ähli ugurlary, şol sanda energetika meselesi boýunça gatnaşyklary berkitmekde Türkiýäniň taýýardygy barada Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Saparyň dowamynda türk ministri nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, döwlet konsernleriniň we korporasiýalaryň, hususan-da, Türkmengazyň, Türkmennebitiň, Türkmengeologiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkiýä türkmen tebigy gazyny eltmek boýunça taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, türkmen nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, ozal halkara konsorsiumlaryň düzüminde türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasyny, sintetiki benzini (GTG) öndürýän iri kärhanalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Energetika ulgamynda türk kompaniýalary bilen işleşmegiň baý tejribesine daýanyp, taraplar, şeýle-de türk tarapynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň känlerini kaliý duzuny, ýody, demir magdanlaryny özleşdirmäge hem-de bu ýerde häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we eskporta niýetlenen önümçilikleri döretmäge gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine hem garaldy. Bu ugurda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyndan ýakyn geljekde türk tarapyna türkmen elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, türkiýeli hyzmatdaşlar dünýäniň öňdebaryjy elektroenergiýa kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanda häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy Türkmenistanyň içerki bazaryna, şeýle hem dünýä döwletlerine iberilýär.

Şeýlelikde, ministr Alparslan Baýraktaryň sapary Türkmenistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdaky işjeň ornuny aýdyň görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi
“Oil and Gas of Turkmenistan” (OGT-2022) will be held on October 26-28
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty
XXVII Международная конференция и Выставка Нефть и Газ Туркменистана -2022 пройдет 26-28 октября
Türkiýäniň energetika ministri, gaz gepleşikleri üçin, Aşgabada geldi
Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Türkmenistanda saparda boldy