
Amyderýanyň akar suwunyň mukdary esli azalypdyr. Türkmenistanly çeşmeler bahar paslynda adatça bol gelýän suwuň şu ýyl esli kemelendigini aýdyp, muny goňşy Owganystanda derýa suwunyň akabalaryny üýtgetmek boýunça işleriň täsiri bilen baglanyşdyrýarlar.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri Owganystanyň demirgazygyndan akyp gelýän suwuň derejesiniň tas iki esse peselendigini aýdýarlar. Olar Mary we Lebap welaýatlarynda has köp duýulýandygyny, suw derejesiniň örän peselendigini, suwuň şorlaýandygyny, suwsuz galan kenarlaryň opurýandygyny we ekin meýdanlary çäge örtüp, çolleşýändigini belleýärler.
"Owganystanyň suwsyz obalaryna suw çekilmegi Amyderýanyň akar suwunyň mukdary örän azyldy. Gonşy Owganystanyň hökümetiniň suwsyz ýatan ekin meýdanlaryna kanal gazyp, suw getirmek işleriniň uly depginde ýola goýmagy bilen Türkmenistana gelýän suwuň öňküleri ýaly bolmajagyny çak etmäge öňem esas bardy. Indi şol çaklama durmuşa geçdi" diýip, maryly çeşme aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet resmilerinden we habar beriş serişdelerinde bu ýagdaý barada maglumat bolmady.
“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýanyň akabasynyň ugrunda ägirt uly Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi we gurluşygyň bäş ýylda tamamlanjagyny aýtdy.
Hünärmenler bu kanalyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurypdy.
Bilermenleriň çaklamalarynda Amyderýadan gözbaş aljak kanal doly işe girizilse, derýanyň Türkmenistana we Özbegistana akýan suwunyň 26 göterime çenli azaljagyny çak edipdi. Munuň sebitdäki, onsuz hem ýitileşýän suw üpjünçilik meselesine oňaýsyz täsir ýetirjekdigi, köp ilatly ýerleriň suwsuz galyp biljekdigi duýduryldy.
Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýanyň suwy üpjün edýär. Derýanyň takmynan 1000 kilometre barabar bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.
Türkmenistan Koştepe proýekti boýunça öz resmi pozisiýasyny beýan etdi.
Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýylyň 7-nji martynda ýaýradan beýanatynda Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryna serhetüsti derýalardan suw almak işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurdygyny, ilkinji nobatda suw çeşmelerini ulanmagyň hakyky zerurlyklaryny göz öňünde tutulmalydygyny öňe sürüpdi.
Türkmenistanyň uly bölegini çöl tutýar. Yssy we gurak klimatly ýurtda agyz suw we ekerançylyk üçin suw serişdeleriniň ýetmezçiligi gitdigiçe has ýiti duýulýar.
"Soňky otuz ýylyň dowamymda ygalyň az düşmegi daglarda çeşmeleriň kesilmegine, kölleriň guramagyna we derýalaryň guramagyna we suwunyň epesli çekilmegine getirdi" diýip, türkmenistanly çeşme belleýär.
Çeşmeler Türkmenistanda beýleki ýerlerindäki suw çeşmelerinde hem suw ýetmezçiliginiň dörändigini belleýärler.
Bilermenler Balkan welaýatynyň Garrygala etrabyndan geçýän we gözbaşyny goňşy Eýrandan alyp gaýdýan Sumbar derýasynyň guramagyny we akaba ýollarynyň gömülmegini mysal hökmünde getirýärler.
Beýleki welaýatlarda hem ýagdaý şuňa meňzeş.
"Ahal welaýatynyň Gozgan daýhan birleşiginde gurlan sil suwlaryny ýygnaýan ýüzlerçe kubmetrlik howdanyň bary-ýogy 4/1 dörtden bir bölegi hem dolmadyk" diýip, ahally çeşme aýdýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna uly agram düşýändigini barada duýduryş çap edilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.