Amyderýada emele gelen buzluklaryň eräp, suwuň joşmak howpy ýerli ýaşaýjylarda howsala döredýär

Amyderýada emele gelen buzluklaryň eräp, suwuň joşmak howpy ýerli ýaşaýjylarda howsala döredýär

Türkmen häkimiýetleri Amyderýanyň Lebap welaýatynyň Dargatana etrabyndan geçýän böleginde emele gelen doňakçylygyň yz ýany, suwuň joşmak howpuna garşy howsala ýagdaýyny yglan edýärler.

Adatdan daşary ýagdaý resmi görnüşde jar edilmedi, ýöne ýurduň gündogar sebitinde suw joşmalaryna garşy görülýän taýýarlyk işleri ýokary derejedäki hüşgärlikden we howsala ýagdaýyndan habar berýär.

Soňky birnäçe hepde bäri Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň wagtal-wagtal -25 gradusa çenli pese gaçyp, ýurduň ähli sebitlerine aşa sowuk howanyň aralaşmagy bilen, gündogar Lebap sebitini kesip geçýän Amyderýada buzluklar emele geldi. Soňky iki günüň dowamynda howanyň sähel maýlap başlamagynyň yz ýany, Amyderýada emele gelen buzluklaryň eräp, suwuň joşmak howpy häkimiýetlerde we ýerli ilatda howsala döredýär.

“Häzirki wagtda Adatdan daşary topar döredildi. Türkmenabat şäheriniň jemagat gulluklarynyň işgärleri, zeýsuwakabalary ulgamlarynyň işgärleri, öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri dessin ýagdaýda Darganata şäherçesine iberildi. Türkmenabat şäheriniň Gurluşyk montaž edaralaryndan, Lebapgurluşyk’ kärhanasyndan ekskawatorlar we dizel generatorlary alnyp gidildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Azatlygyň çeşmeleri sebitde emele gelen adatdan daşary ýagdaý bilen baglylykda 19-njy ýanwarda ýokary derejeli bir döwlet emeldarynyň, mümkin wise-premýeriň, Lebap welaýatyna barandygyny habar berýärler.

Habarçymyz biraz öň, 16-njy ýanwarda Amyderýanyň akymynyň ugrunda buzluklaryň emele gelendigine, derýanyň Seýdi şäherinden geçýän böleginde Adatdan daşary gullugyň işgärleriniň ekskawatorlar bilen buzlary döwmek işleri bilen meşgul bolýandyklaryna özüniň şaýat bolandygyny habar beripdi.

Howanyň aýazynyň sähel aradan aýrylyp başlamagy bilen, Amyderýanyň akabasynda emele gelen buzluklar eräp başlady. Hususan-da, derýanyň Kerki etrabyndan geçýän ugry boýunça bölünip gaýdýan buzlar, Türkmenabat şäheriniň üstünden geçip, derýanyň aşaky hanasyna tarap süýşýär.

Derýanyň hanasynyň Seýdi şäherinden geçip, Darganata sebitine tarap uzaýan böleginde ýiti aýlaw bar. Amyderýanyň akymynyň ugry bilen aýlawa çenli akyp gelen tonnalarça buz ýiti öwrümiň ýerleşýän ýerinde üýşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Amyderýanyň Darganata şäherçesinden geçýän böleginde derýanyň ýakasyny galdyrmak we topragy götermek işlerine ençeme tehnikalaryň çekilýändigini habar berýärler.

“MAZ” we “KAMAZ” ýaly agyr ýük daşaýjy ulaglar derýanyň kenaryna gum daşaýarlar, “amkodor” ekskawatorlary, ýagny tekerli ekskawatorlar ýygnalan gumlar bilen derýanyň kenaryny göterýär we gum depelerini emele getirýär.

“Derýanyň kenaryny näçe ýokary göterseler, suw şonça-da beýgelýär. Buz bölekleri sagatsaýyn köpelýär” diýip, adatdan daşary ýagdaýda Darganata sebitine kömege baradan bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Azatlygyň habarçylary derýanyň suwunyň agmagynyň öňüne geçmek üçin, ýüzlerçe tehnikanyň işe çekilýändigini habar berýärler.

Merkezi Aziýanyň iň uzyn derýasy bolan Amyderýa Türkmenistanyň gündogar çüňküne golaý sebitlerden ýurduň çägine girýär. Suwuň akabasy Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki, Halaç we Saýat etraplarynyň ugry bilen akyp, Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň deňinden geçýär, we Seýdi şäherine hem-de Darganata etrabyna tarap akýar.

Azatlygyň habarçysy derýanyň Seýdi şäherçesinden geçýän böleginde bir maldarçylyk fermasyny suw basandygyny we 50 töweregi iri şahly malyň suwda galandygyny habar berýär.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly ikinji çeşmesi derýanyň kenarynda dörän howsalaly ýagdaýy tassyklap, esasy tagallalaryň Darganata etrabyna gönükdirilýändigini habar berdi.

Çeşmämiz derýanyň joşmak howpuna garşy sebitde harbylaryň hem ýardama çekilýändigini aýtdy.

“Amyderýanyň Darganata bölegi howpuň gyzyl derejesi. Derýanyň Kerki we Hojambaz böleklerinde we Kerkiniň köprüsinde howpuň derejesi uly däl” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň çeşmesi etrapda ýerli ýaşaýjylaryň derýany garawullap, sebitde emele gelen adatdan daşary ýagdaýa gatnaşýandyklaryny habar berdi.

Şeýle-de, çeşmämiz ýerli ilatyň öz tagallalary bilen häkimlerden we harbylardan ýardam sorandyklaryny aýdýar. Ol Adatdan daşary gullugyň, harbylaryň we oba hojalyk hünärmenleriň gündogar sebitde emele gelen adatdan daşary ýagdaýy aradan aýyrmak boýunça kanagatlanarly iş alyp barmaýandyklaryny aýdýar.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy Amyderýada emele gelen doňakçylygy görkezýän onlarça surat iberdi. Suratlarda sebitde, şol sanda derýada dörän doňaklygyň gerimini görmek bolýar.

Şol bir wagtda, Amyderýanyň Özbegistanyň çäginden geçýän böleginde hem buzluklar peýda boldy. Sosial ulgamlarda, aýdylmagyna görä, derýanyň Garagalpagystan sebitinde dörän doňakçylygy görkezýän wideolar paýlaşylýar. Wideolarda suwy tutuşlygyna doňan suw akabasyny görmek bolýar.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri Amyderýanyň kenarynda emele gelen adatdan daşary ýagdaý barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar
Ýaşyl seýilgähler dörediler