Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda sazagyň ekişine badalga berildi. Bu işe başlamazdan ozal degişli hünärmenleriň gatnaşmagyna ylmy-tehniki maslahat geçirildi. Onda sazak tohumynyň ekilişiniň agrotehniki kadalary barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.
Sazak fewral-mart aýlarynda we noýabr-dekabr aýlarynda geçirilýär. Tohumlar 1,5-2 aýyň dowamynda gögerýär. Olara suw, organiki we mineral dökünler berlip, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg edilýär. 3 ýyldan soň nahallar meýdanlara çykarylyp oturdylýar.
Çöl şertlerinde sazaklaryň sanyny köpeltmek möhüm ähmiýete eýedi. Olar çägäniň süýşmeginiň öňüni alýarlar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýär. Onuň meýdany 49,5 müň gektara deňdir.