“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sport abraýy has-da belende galýar.Türkmenistan iri hem-de halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşuldy.

Muňa geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi aýdyň subutnamadyr.Üstümizdäki “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda-da iri sport ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin ýokary taýýarlyk dowam edýär. Şeýle ýaryşlaryň biri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça şu ýylyň sentýabrynda geçirilýän “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisidir. Ýeňil, ýük awtoulaglary we SSV kysymly kwadrosiklleriň gatnaşdyryljak bu halkara ýaryşynyň bütindünýäde giňden wagyz edilmegi üçin köp sanly çäreler guraldy we guralýar. Ýolsuz ýerlerden uzak aralyklar boýunça geçirilýän “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisiniň sport ulgamyndaky guramaçylygy “Africa Eco Race” awtoralli ýaryşlary toparyna ynanyldy.Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanyp geçirilen mediaforum hem şol köpçülikleýin çäreleriň biridir.

Bu mediaforuma Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Italiýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Rumyniýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Türkiýeden, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan žurnalistler gatnaşdylar.Mediaforumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň wekilleri bilen bir hatarda meşhur “Africa Eco Race” awtoralli ýaryşlarynyň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlesser, Ýewraziýada Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşiginiň (IRU) hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy D.Çelsow, Rumyniýanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň “Rally Raid” komitetiniň prezidenti Mihail Leonte dagy halkara ýaryşy barada gatnaşyjylara gyzykly gürrüň berdiler.“Pariž-Dakar” rallisiniň iki gezek ýeňijisi Žan-Lui Şlesser: — Uç-gyraksyz Garagum sährasynyň içi bilen geçjek halkara awtorallisiniň bilelikdäki guramaçysy bolmak meniň üçin we biziň toparymyz üçin uly hormatdyr-diýip belledi.

Ulag ýaryşlary gadymda Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna tarap geçer. Çölüň giň sähralyklaryndan geçjek ýoluň umumy uzynlygy 1500 kilometrden gowrakdyr diýip, gürrüň berdi.Žan-Lui Şlesseriň belleýşi ýaly, ýaryşyň ugurlary 5 tapgyra bölündi we tizlikli bölegiň her biri ulagy dolandyryjy hem-de toparyň şturmany üçin köpsanly garaşylmadyk ýagdaýlary gizleýär.

Bir söz bilen aýdylanda, Garagum sährasy taslamanyň ýüregi bolup, hakyky başdan geçirmeleri gözleýänlere uly tejribe bagyşlar.Türkmen çöli Afrikanyň çöli ýaly birsydyrgyn däldir we islendik adamy haýran galdyryp biljek üýtgeşik täsirleri bolluk bilen eçilýär, çünki bu adamyň hojalyk işiniň täsirini ýetirmedik “janly” ekoulgamydyr.Men “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisiniň uly üstünlik bilen geçjekdigine, oňa gatnaşyjylaryň bolsa siziň ajaýyp ýurduňyza ýene-de gelmäge isleg bildirjekdiklerine we şat boljakdyklaryna ynanýaryn-diýip, Žan-Lui Şlesser aýratyn nygtady.Halkara mediaforumda edilen çykyşlarda şu güne çenli “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmaga daşary döwletleriň degişli federasiýalaryna wekilçilik edýän toparlaryň we türgenleriň onlarçasynyň isleg bildirýändigini tassykladylar.

Mediaforumyň barşynda žurnalistler üçin “Amul Hazar 2018” rallini guraýjylara sowal bermäge mümkinçilik döredildi.Hususan-da, rumyn metbugatynyň wekili jenap Şlesserden ýaryşlara hormatly Prezidentimiziň gatnaşjakdygy barada gyzyklandy. “Bu ralli ýaryşy sportuň muşdagy we tarapdary, şeýle hem wideofilmden görşümiz ýaly, ussat sürüji bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýär.

Biz bu çärä gatnaşyjylaryň hatarynda hormatly Prezidenti görüp bilerismi?!”.Jenap Şlesser jogap edip: “Biz Prezidentiň gatnaşmagyna örän begenerdik.Onuň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Şeýle bolsa, biz örän şat bolardyk.

Elbetde, gatnaşmak baradaky karary Prezidentiň özi çözer, emma biz şeýle çözgüde örän begenerdik”.Şeýle hem Russiýanyň “RIA Nowosti” halkara habarlar agentliginiň habarçysynyň sowalyna jogap edilip, “Amul Hazar 2018” rallisine gatnaşmaga Russiýadan birnäçe toparlaryň bellige alnandygy barada habar berildi.

Olaryň hatarynda, mysal üçin, “G-Force” topary bar.Bellige almagyň çäklerinde Russiýadan başga-da birnäçe bäsdeşleriň bolmagyna garaşylýar.Şeýle hem gazagystanly žurnalistiň sowalyna jogap edilip, bu ýurtdan hem seçilip alnan türgenleriň bardygy aýdyldy olar Gazagystanyň Awtomobil sporty federasiýasyndan 5 topardyr.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) wekili “Amul Hazar 2018” rallisine meşhur awtomobil sürüjilerden kimleriň geljekdigini sorady.

Garaşylyşy ýaly, öňde boljak ýaryşlarda iň görnükli türgeniň hormatly Prezidentimiziň bolup biljekdigi barada jogap berildi.Biz muny arzuw edýäris.Bu bolsa biziň ählimiz üçin belent mertebedir.Bütin dünýäden gatnaşyjylaryň hatarynda Saud Arabystanyndan Ýazid Al-Raji ýaly, Fransiýadan, Angliýadan hem beýleki ýurtlardan abraýly wekiller gatnaşar.

Häzirki günde ýaryşa gatnaşyjylaryň sany takmynan 80-e barabardyr. Ýaryşa awtoulaglaryň 2025-si çykar.Dürli ýurtlaryň toparlaryndan gelýän haýyşnamalaryň sany günsaýyn köpelýär-diýip, guramaçylar sözüni jemlediler.Mediaforumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigine gezelenç etdiler. Şeýle hem olar paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar hem-de Türkmenistanyň IIM-niň awtosport merkezine baryp gördüler.

Şu ýyl döredilenine 40 ýyl bolan Dakar rallisi çölde geçirilýän ýa-da başgaça aýdylanda, off-roud ulag ýaryşlarynyň naýbaşysy hasaplanýar. Ýylsaýyn tutuş dünýä boýunça abraýy ýokarlanýan çöl ýaryşlary ýeňil ulaglaryň, motosiklleriň, ýük ulaglarynyň hem-de soňky ýyllarda peýda bolan kwadrosiklleriň arasynda geçirilýär.Şolardan ýük ulaglary boýunça geçirilýänleriniň özboluşly orny bolup, olara çöllerde, daglarda, ýapgytlarda… erk etmek o diýen ýeňil däl.

Umuman, Dakar rallisinde “Kamaz”, “Iveco”, “Tatra” ýaly toparlar öňdeligi eýeläp gelýärler. Ýolsuz ýerlerde gecirilýän ralli ýaryşlarynda ýük ulaglarynyň arasyndaky öňdebaryjy toparlar barada gysgaça maglumat bermegi makul bildik.

“KAMAZ”: Russiýanyň meşhur brendi, 1969-njy ýylda düýbi tutulan “Kamaz” (Kamiskiý awtomobil zawody) kompaniýasynyň adyndan wekilçilik edýän “Kamaz” topary ýük ulaglarynyň arasyndaky iň başarnykly topar hasaplanýar.Aýratynam, soňky ýyllarda “Kamaz” toparynyň ýaryşlarda gazanýan üstünligi mese-mälim duýulýar.

Topar gatnaşýan islendik ýaryşynda ýük ulaglarynyň arasynda öňdebaryjylaryň hatarynda bolup, Dakar rallisinde 15, Ýüpek ýoly rallisinde 7, “Africa Eco” rallisinde-de 4 gezek çempionlyk gazandylar.Dakar rallisinde ýük ulaglarynyň arasynda irki ýyllarda başga-başga toparlar ýeňiş gazanan hem bolsa, “Kamaz” topary soňky ýyllarda öňdeligi özünde saklap gelýär. 1990-njy ýyllaryň 2-nji ýarymynda Dakar rallisine gatnaşyp başlan “Kamaz” topary 15 gezek Dakar rallisinde ýeňiş gazandy. “Kamaz” topary Dakar rallisindäki ilkinji ýeňşini 1996-njy ýylda gazanýar. Şonda GranadaDakar aralygynda geçirilen bu bäsleşikde Wiktor Moskowskiý, Anatoliý Kuzmin hem-de Nail Bagawetdinowyň erk edýän ulagy hemmelerden öňürti pellehana gelipdi. “Kamaz” topary 2-nji çempionlygyna 4 ýyl garaşmaly bolýar.

Wladimir Çaginiň ýolbaşçylygyndaky topar ParižDakarKair ýaryşynda öňe saýlanýar. 20022006-njy ýyllar aralygynda “Kamaz” bassyr 5 gezek Dakar rallisiniň ýeňijisi bolýar. 2009-njy ýyldan soňra diňe 2 gezek birinjiligi başga topara aldyran “Kamaz” soňky 10 ýylda “Kamaz 4326-9” kysymly görnüşi bilen 8 sapar Dakarda ýeňiş gazanýar. Şol 15 çempionlygyň 7-si Wladimir Çaginiň ýolbaşçylygyndaky topara degişli bolup, ol “Kamazyň” iň başarnykly sürüjisi hasaplanylýar. 3çempionlygam Eduard Nikolaýewiň ýolbaşçylyk edýän topary bilen gazanylýar.Ilkinji gezek 2009-njy ýylda KazanAşgabat aralygynda geçirilen Ýüpek ýoly rallisinde-de “Kamaz” toparynyň sürüjilerine taý tapylmaýar.

Olar şu ýyla çenli geçirilen 8 bäsleşigiň 7-sinde münberiň çür depesine çykmagy başardylar.Aýratynam, Firdaus Kabirow, Eduard Nikolaýew, Aýrat Mardeýew hem-de soňky ýyllarda Dmitriý Sotnikow dagy “Kamaz” toparyna ýeňiş getiren sürüjiler boldy.Dakar rallisiniň Günorta Amerika yklymynda geçirilip başlanmagyndan soň, fransiýaly meşhur sürüji Žan-Lui Şlesseriň ýolbaşçylygynda Afrika yklymynda täze ýaryş ýola goýuldy. “Africa Eco Race” atly bu ýaryşda-da “Kamaz” toparynyň wekilleri üstünlikli çykyş edip gelýär.

Olar şu wagta çenli geçirilen 10 ýaryşyň 4-sinde çempionlyk gazanyp, bu bäsleşikde-de öňdeligi eýeleýärler.

“TATRA”: Çölde geçirilýän ralli bäsleşiklerinde ýük ulaglarynyň arasynda “Kamaz” toparyndan soň, iň şowly çykyş edýän 2-nji topar “Tatra” hasaplanýar. 1850-nji ýylda Çehiýanyň Koprşiwnse şäherinde döredilen “Tatra” kompaniýasynyň (dünýäniň iň gadymy 3-nji awtoulag öndüriji şereketi) topary Dakar rallisi bilen bir hatarda, beýleki ýaryşlarda-da üstünlikli çykyş edýär. “Tatra” topary Dakar rallisinde 6, “Africa Eco” rallisinde 3, Ýüpek ýoly rallisinde-de 1 gezek çempionlyga mynasyp bolýar.

Topar Dakar rallisindäki ilkinji ýeňşini 1988-nji ýylda gazanýar. 6 ýyldan soň, 19941995-nji ýyllarda yzly-yzyna 2 sapar Dakar rallisiniň ýeňijisi bolýar. 1998-nji, 1999-njy hem-de 2001-nji ýyllardaky çempionlyklaram “Tatra” toparynyň Dakardaky soňky ýeňişleri hökmünde hasaba alynýar.

Topara Dakardaky 6 çempionlygyny-da “Tatra 815” kysymly görnüşi bilen Karel Loprais gazandyrýar.“Tatra” topary 2011-nji ýylda-da Ýüpek ýoly rallisiniň çempiony bolýar. Şonda topar Karel Lopraisiň ýegeni Aleş Lopraisiň ýolbaşçylygynda MoskwaSoçi aralygyny hemmelerden öňürti tamamlamagy başarýar.“Tatra” toparynyň “Africa Eco” rallisinde-de 3 çempionlygy bolup, 2011-nji, 2012-nji hem-de 2014-nji ýyllarda Tomaş Tomesegiň erk edýän ulagy ýeňiş gazanýar.“IVECO”: Italiýanyň Turin şäherinde 1975-nji ýylda FIAT kompaniýasynyň garamagynda döredilen “Iveco” şereketiniň adybir topary-da ralli ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýan toparlaryň biridir.

Häzirki güne çenli bu topara Dakar rallisinde 2 gezek çempion bolmak miýesser edýär. Şereketiň Awstraliýadaky zawodlarynda öndürilen “Iveco PowerStar” kysymly görnüşleri 2012-nji hem-de 2016-njy ýyllarda çempionlyk gazanýar.

Iki gezekde-de gollandiýaly Jerard de Rooý toparyna çempionlyk gazandyran sürüji bolýar.Jerard de Rooý “Iveco” topary bilen Dakar rallisinde 2012-nji ýylda 4-nji, 2014-nji ýylda 2-nji, 2017-nji ýylda-da 3-nji orny eýeleýär.Italýan topary “Africa Eco” ýaryşynda-da 2 gezek çempion adyny eýeleýär.

Topar bäsleşigiň ilkinji ýylynda hem-de şu ýylky geçirilişinde çempionlyk gazanýar. 2009-njy ýylda Žan de Rooý, bu ýyl bolsa Jerard de Rooý toparyna ýeňiş getirýär.Ýokarda ady agzalan toparlardan başga-da Dakar rallisinde, “Africa Eco” rallisinde, Ýüpek ýoly rallisinde bäsleşýän toparlaryň bardygyny belläliň.

Nemesleriň “MAN TGA” topary 2007-nji ýylda, ýaponlaryň “Hino” topary 1997-nji ýylda, gollandlaryň DAF topary 1987-nji ýylda, italýanlaryň “Perlini” topary 19901993-nji ýyllarda 4 gezek Dakar rallisinde çempionlyk derejesini gazanýarlar.

Dakar rallisinde ýük ulaglarynyň arasynda ilkinji çempionlygy “Pinzgauer” eýelese, alžir kompaniýasy “Sonacome” 2-nji ýaryşyň ýeňijisi bolýar. 1981-nji ýylda-da Fransiýanyň adyndan wekilçilik eden ALM/ACMAT topary ýeňiş gazanýar.

Dakar rallisinde 19821986-njy ýyllarda-da dünýä belli “Mercedes-Benz” kompaniýasynyň ýük ulaglary öňe saýlanýar.Bulardan başga-da “Scania” (Şwesiýa), GINAF (Gollandiýa), MAZ (Belarus), “Renault” (Fransiýa), “Liaz” (Çehiýa) ýaly dünýä belli brendleriňem toparlary häli-şindi ralli ýaryşlaryna gatnaşyp durýar.

Ýene degişli makalalar

10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisiniň ýolbaşçysyny we çempionyny kabul etdi
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
11.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy
Sportly Türkmenistanda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory awtomobil sportunyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdylar