AMOLED ekranly we 64 MP-lik kameraly Vivo S7e 5G smartfony hödürlendi

AMOLED ekranly we 64 MP-lik kameraly Vivo S7e 5G smartfony hödürlendi

Hytaýyň smartfon öndürijisi Vivo şereketi orta segmentdäki iň täze smartfony bolan Vivo S7e 5G -ni hödürledi. MediaTek” prosessor bilen üpjün edilen smartfon, deşikli ekran dizaýny, barmak yzyny okaýjysy we üç sany yzky kamera gurnamasy bilen ünsi özüne çekýär.

Mediatek Dimensity 720 prosessorly, 5G goldawy bolan Vivo S7e 5G smartfony ulanyjylara 8 GB-lik RAM göterijisi bilen 128 GB-lik maglumat saklaýjy ýady we 6,44 dýuýmlyk “Full HD + AMOLED” ekrany hödürleýär.

Arka tarapynda f/1.89 diafragmaly, 64 MP-lik durulykly esasy kamerasy bolan Vivo S7e 5G smartfony, bu esasy kamerany 120 dereje meýdany we 2 MP-lik çuňlukdakly sensory bolan 8 MP-lik ultra giň burçly kamera bilen goldaýar. Enjamyň aşak düşýän kamerasyndaky selefi kamerasy 32 MP-dir.

Android 10 operasion ulgamy we “FunTouchOS” interfeýsi bilen gutudan çykýan “Vivo S7e 5G smartfony 4.100 mAh we 33W çalt kuwwat beriş goldawyna eýe bolan adaty batareýasy bar. 5G-den başga-da, enjamda goşa zolakly Wi-Fi, Bluetooth 5.0, 3,5 mm gulaklyk, GPS, goşa SIM we USB Type-C birikmesi bar.

Vivo S7e 5G smartfonynyň esasy tehniki aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybarat:

Prosessor: Mediatek Dimensity 720 prosessor

RAM göteriji: 8 GB

Maglumat saklaýjy ýat: 128 GB

Ekrany: 6.44 Doly HD + AMOLED

Yzky kamera: 64 MP + 8 MP + 2 MP

Öň kamera: 32 MP

Batareýa: 4.100 mAh, 33W

Operasion ulgamy: Android 10

Birikdirme: 5G, goşa zolakly Wi-Fi, Bluetooth 5.0, 3,5 mm gulaklyk, GPS, goşa SIM, USB Type-C

Ýene degişli makalalar

Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
Okuwa kömekçi: hem planşet, hem kompýuter
Iň ýuka we ýeňil smartfon satuwa çykýar
Ýan kompýuter üçin 4K kamera