Amitabh Baççan Mugallyma atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer

Amitabh Baççan Mugallyma atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer

2015-nji ýylda teleýaýlyma çykan Mugallyma atly meşhur rus serialynyň ýerli nusgasy hindi kinoçylary tarapyndan surata düşüriler.

Serialy döreden önümçilikçiler Startfilm Group we Russian Film Group Corporation kompaniýalary White Night Entertainment hindi kinostudiýasy bilen degişli geleşige gol çekdiler diýip, Kinonews.ru habar berýär.

Filmde baş keşbi Bolliwudyň goja ýyldyzy Amitabh Baççan döreder. Film şu ýyl surata alnyp başlanar, ol Hindistanda-da, Russiýada hem prokata goýberiler.

Filmiň ýordumy kyn ýagdaýda galan taryh mugallymy baradadyr. Onuň keşbini Irina Kupçenko janlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

“Nintendo” oýun konsoly öndürilip başlandy
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar
“Netflix” üçin kino surata düşürer
E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi
Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar