Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian anna güni agşam 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Yslam agzybirliginiň 36-njy halkara konferensiýasy anna güni agşam Tähranda beýannama çap etmek bilen işini tamamlady.
Yslam dinleriniň ýakynlaşmagy boýunça Bütindünýä Assambleýasy, her ýyl Yslam dünýäsiniň şahsyýetleriniň gatnaşmagy bilen Halkara Yslam Agzybirligi konferensiýasyny, Rabi ul-Awwalyň 12-den 17-sine çenli Agzybirlik hepdeligi bilen bir wagtda gurnaýar.
Halkara Yslam agzybirligi konferensiýasyny geçirmegiň maksad, musulmanlaryň arasynda agzybirlik we raýdaşlyk döretmek, alymlaryň we olamlaryň ylmy we medeni garaýyşlaryny kesgitlemek, şeýle hem, yslam agzybirligini gazanmak we Yslam dünýäsinde ýeke millet döretmek üçin amaly çözgütleri gözden geçirmek we hödürlemek we musulmanlaryň meselelerini we kynçylyklaryny çözmek we bu meselede degişli çözgütleri bermekdir.
IRNA-nyň habaryna görä, bu ýygnakda Huseýin Amir Abdollahian myhmanlara Amerikanyň Yragy basyp alan ýyllarynda şaýylar bilen sünnüleriň arasynda bölünişik döretmek üçin duşmançylykly hereketlerini düşündirdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de, Yrakdan başgada duşmanyň Ýemende, Siriýada, Owganystanda, Palestinde, Liwanda we ş.m. musulman ymmatynyň arasynda bölünişik döretmek synanyşygynyň köp şaýady bolduk diýdi.
Amir Abdullahian çykyşynyň başga bir bölüminde: Ymam Homeýni (RA) Yslam ymmaty üçin köp ýatlamalary galdyrdy, şolaryň biri Agzybirlik hepdeligi. Ymamyň (RA) ýene bir ýatlamasy, Bütindünýä Kuds gününiň yglan edilmegidir diýdi.
Amir Abdollahýanyň sözlerinden öň, agzybirlik konferensiýasynyň myhmanlarynyň birnäçesi, şol sanda Yrakly sünni olama Jamiatyň başlygy Şeýh Halid Al-Molla, Liwan Musulman olama Assosiasiýasynyň başlygy Gazi Hanina, Malaýziýanyň Geňeşiniň başlygy Muhammet Azmi Abdul Hamid öz çykyşlarynda bölünişikden gaça durmak bilen agzybirligiň ähmiýeti barada hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň jebislik we ýakynlaşmak ugrundaky tagallalary duşmanyň dildüwşüklerine garşy hüşgärligi ýokarlandyrandygy barada öz pikirlerini aýtdylar.