Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Liwan resmileri bilen duşuşygyny dowam etdirdi we Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, sebite gurnan saparlarynyň dowamynda Siriýadan soňra penşenbe güni Beýruda gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşdy.
Ondan öň Liwan mejlisiniň başlygy Nabih Berri we Liwanly kärdeşi Abdullah Bo Habib, şeýle hem Beýrutda ýerleşýän palestinaly toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşypdy.