Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna barar we suw meselesi boýunça konferensiýa gatnaşar

Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna barar we suw meselesi boýunça konferensiýa gatnaşar

5-nji iýundan 12-nji iýun aralygynda BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna baryp görer. Şeýle-de, ol Täjigistanda geçiriljek suw boýunça halkara konferensiýada BMG-niň ýolbaşçysy hökmünde wekilçilik eder diýip, BMG-niň saýty habar berýär.

2018 2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw hereketleriniň halkara onýyllygy boýunça ikinji ýokary derejeli Halkara konferensiýa 7-8-nji iýunda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriler.Sebite saparynyň çäginde Amina Mohammed Türkmenistana, Özbegistana, Gazagystana we Gyrgyzystana barar.

Saparynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary sebitiň ýurtlarynyň resmi adamlary hem-de ýaşlar we zenanlar guramalarynyň hem beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen duşuşar.Ol bu duşuşyklarda azyk, energetika we maliýe çökgünlikleri bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle-de durnukly ösüş ugrunda Maksatlaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Täjigistanda we Gyrgyzystanda Baş sekretaryň orunbasary BMG-niň ösüş ulgamynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan durnukly ösüş ugrunda BMG bilen hyzmatdaşlyk barada ilkinji şertnamalara gol çekişlik dabarasyna gatnaşar.FAO-nyň maglumatlaryna görä, ýakyn onýyllyklarda ýurtlaryň we sebitleriň köpüsi suw serişdeleriniň ýetmezçiligini başdan geçirer.

Pekin, London, Mumbaý we Tokio ýaly uly şäherler bolsa 2050-nji ýyla çenli suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly düýpli çökgünlige duçar bolup biler.Suw ýetmezçiliginiň derejesini ölçemek üçin FAO-nyň hünärmenleri “suw stressi” ýa-da suw resurslaryna edilýän basyşyň derejesi ýaly görkezijini ulanýar.

Olar suw almagyň onuň gorlaryna bolan göterim gatnaşygyny hasaplaýarlar.Täjigistanda, Ermenistanda we Azerbaýjanda “suw stressi” ortaça diýlip bahalandyrylýar, ol degişlilikde 62 göterime, 56 göterime we 54 göterime deňdir.

Gyrgyzystanda we Gazagystanda süýji suwuň ulanylyş görkezijisi dünýä derejesinden ýokary bolup, degişlilikde 50 göterime we 33 göterime ýetýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Yzly-yzyna 5 Olimpiadada çempionlyk gazanan ilkinji türgen
Eýranda Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Sardar Salami: Al Saud media oýunlaryny oýnamagy bes etmelidir
Raisi: Baýdeniň sözleri adam hukuklaryny we parahatçylygy goldaýandygy baradaky ýalanyny paş etdi
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Sedigi: Eziji dünýäsi, ulumsylyk dünýäsi, Amerika, Sionizm we Takfir fronty hakykat we adalat bilen çözüp bolmajak söweşi alyp barýar