Amerkan we özbek o/h tehnikasyndan soň Türkmenistan ýapon tehnikasyny satyn almakçy

Türkmenistan Ýaponiýada öndürilen oba hojalyk tehnikalaryny satyn almakçy bolýar. Bu baradaky maglumat 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-inde, Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk mahalynda aýdyldy.

Ýurduň daşary syýasat edrasynyň habar bermegine görä, Komatsu kompaniýasy tarapyndan öndürilýän oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň meselelerine seredilip geçildi. Şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) bilen gatnaşyk etmek arkaly gaz ulgamynda we himiýa senagatynda bilelikdäki maýa goýumlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar degişli Teswirnama gol çekdiler.

2018-nji ýylyň dekabrynda Özbegistanyň Türkmenistana $17 milliondan gowrak serişdä durýan oba hojalyk tehnikalaryny iberýändigi belli boldy. 2017-nji ýylda türkmen tarapy goňşy ýurtdan 500 sany pagta ýygýan kombaýn satyn aldy.

Özbegistandan başga, Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň “John Deere” kompaniýasyndan hem oba hojalyk teknikalaryny satyn alýar.

Ýene degişli makalalar

23.10.2018 | Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi
10.01.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
22.01.2019 | Ýaponiýanyň wekiliýetiniň sapary
Ýaponiýanyň wekiliýetiniň sapary
Hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY