
Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Amerikanyň kubogynyň ýarymfinal duşuşygynda Kanadadan üstün çykdy. Ist-Raterford şäherinde geçirilen duşuşyk Messi we ýoldaşlarynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda hasaby ilkinji bolup, 22-nji minutda Angliýanyň Mançester Sitisiniň hüjümçisi Huan Alwares açdy. 51-nji minutda bolsa Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi hasaby 2:0-a çykardy.
Indi argentinaly futbolçylar Urugwaý ― Kolumbiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen final duşuşygyny geçirer. Iki ýygyndy 11-nji iýulda duşuşar.
Final duşuşygy bolsa 15-nji iýul gijesinde Florida ştatynyň Maýami-Gardense şäherinde geçiriler. Şol gün Şarlotta şäherinde üçünji orun ugrundaky duşuşyk bolar.