Amerikanyň Kent döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi

2-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatyndaky Kent döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi.

Oňa ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly häzirki wagtda ABŞ-da iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilçiligindäki topary, ABŞ-nyň ýaşaýjylary we ol ýerde okaýan türkmen talyp ýaşlary hem-de şol ýerde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresiniň açylyşy Kent döwlet uniwersitetiniň global bilimi boýunça wise-prezidenti Marçello Fantoni we Ýewraziýa boýunça strategiýa müdiri Aýýa Hudaýbergenowa dabaraly çykyşy bilen utgaşdy.

Bu geçirilen baýramçylyk çäresinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary aýdym-saz we folklor we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Kanzas-Siti” aýdym-saz akademiýasyny dörediji we baş direktory Maýýa Tüýliýewa bolsa pianinoda çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bu baýramçylyk çäresinde ABŞ-nyň “Boba we Uolta Wika” Poeziýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Dewid Hassler we Magtymgulyşynas mugallym Durdy Ilmämmedow çykyş etdiler.

Bulardan başga-da, ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew we başgalar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi we nusgawy filosofiki goşgylarynyň asyl many-mazmuny barada giňişleýin aýdyp berdiler.

Bu çäre Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda kesgitlenen Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bölümlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda açmak mümkinçiligini öwrenmek wezipesini durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilçiligindäki toparynyň ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek boýunça iş saparynyň çäklerinde guraldy.

Okamaga, işlemäge we döredijilik bilen meşgullanmaga berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyga beslensin!

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekişlik dabarasy boldy
Aşgabatda Arap gijesi şüweleňli tomaşasy ýene-de öz muşdaklaryna garaşýar
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň agyr atletika sport mekdebi pälwanlary taýýarlaýan merkez hasaplanýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ýurduň demirgazygynda ýerasty süýji suwlar agtarylýar