Amerikan Saýlawy

Amerikan Saýlawy

ABŞ-da saýlaw tapgyryna iňňän az wagt galdy. Geçiriljek saýlawda ýurduň 60-njy prezidenti saýlanar. Emma ilki Donald Trampa guralan hüjümden soň Baýdeni çekilmäge mejbur eden wakalar saýlaw tapgyrynyň ozalkylar ýaly bolmajakdygyny görkezýär. Demokratlaryň öňdebaryjylary Trampa garşy wise-prezident Kamala Harrisi dalaşgärlige hödürlemek isleýär.

ABŞ täze prezidentini saýlamak üçin taýýarlyk görýär. Ýurtda prezident saýlawlary; Wekiller Palatasynyň saýlawlary, Senatyň saýlawlary we dürli ştatlardaky hem-de ýerli derejedäki saýlawlar bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriler.

Respublikaçylaryň dalaşgäri birnäçe aýdan bäri belli, Donald Tramp.Emma Demokratlardaky näbellilik henizem dowam edýär.Partiýanyň öňdebaryjylary we ABŞ-daky hökmürowan ulgam Baýdene gysyş edip, soňunda çekilmegini ýola goýdular.

Häzirki wagtda öňdebaryjylar Wise-prezident Kamala Harrisi Baýdeniň ýerine Trampa garşy dalaşgärlige hödürlemekde ylalaşana meňzeýär.Kamala Harris Demokrat partiýanyň Milli kongresinde delegatlar tarapyndan ýeterlik ses berilen halatynda Demokratlaryň resmi dalaşgäri bolar. Şeýlelikde ABŞ-nyň 60-njy prezidenti şol iki dalaşgärden biri bolar.

Elbetde, öldürilmeseler…

Donald Tramapyň janyna kast etme synanşydy

ABŞ-da Donald Trampyň janyna kast edilmegine synanşylmagyna seslenmeler dowam edýär. Hüjümi Tomas Mattew Kruks atly 20 ýaşly raýatyň gurandygy anyklanan bolsa, käbirleri tarapyndan şans, käbirleri tarapyndan hudaý tarapyn halas bolandygy öňe sürülýän Tramp, netijede saýlawçylarynyň gözünde gahrymana öwrüldi. Munda, elbetde wakanyň dowamyndaky batyrgaý duruşynyň hem täsiriniň bardygyny aýtmak mümkin.

Bu synanşyk ABŞ-da syýasatyň nähili zäherlenendiginiň iň açyk beýan boldy.Amerilan jemgyýeti uzak ýyllardan bari bölünen we bloklaşan häsýete eýedi.Demokratlar we REspublikaçylar hökmünde bölünen halk gatlaklary, aslyna garalanda belli gymmatlyklaryň çäginde birek-birek bilen göreşýär.

Trampçylyk hökmünde ýüze çykan konserwatiw gymmatlyklar ilki ABŞ diýýän, maşgala ulgamyny ileri tutýan, aborta we liberal gymmatlyklara garşy, esasanda gomoseksuallyga araly durýan gatlak, elbetde immigrantlara we bosgunlara düýpleý garşy hem-de ABŞ üçin uly howp hökmünde kabul edýärler.

Beýleki bir topar bolsa, Demokratlar hökmünde özüni görkezýän liberal, azatlykçy, immigrantlary we bosgunlary mesele hökmünde görmeýän, gomoseksullalygy täze bir ýaşaýyş görnüşi hökmünde kabul edýän gatlaklar.Häzirki wagtda iki tarap hem biri-birini duşmanlaşdyrdy.

Trampa guralan hüjüm ony hasam çuňlaşdyrar.

Emma asyl başga bir howp bolsa ABŞ-da hökmürowan ulgam we Trampyň bolar bilen bolan göreşi.Syýasatdan we býurokratiýadan media Trampyň hökmürowan ulgama garşy göreşýandigini, eger-de gaýtadan prezidentlige saýlanaýsa, şol toparlary dargatmaga synanşjakdygyny aýtmak ýalňyş bolmaz.

Elbetde şol toparlar hem Trampy uly howp hökmünde görýär we nähilem bolanda, onuň prezidentliginiň öňüni almaga çalyşýarlar. İlki kazyýeti syýasylaşdyryp, Trampyuň öňüne böwet basmaga çalyşmaklaryna, soň janyna kast etme synanşygyny şol çakde seljermek mümkin.

Kamala Harris göçümi hem şol toparlardan garaşsyz däl.emma netijede soňky sözi Amerikan halky aýdar.

Ýene degişli makalalar

Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Trampyň ýeňişi we ABŞ…
“Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz”
Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
Donald Tramp: "Bu soňky" diýdi
Harris Trampdan öňde barýar