“Neýtralny Türkmenistan” gazetiniň 31-nji iýulda habar bermegine görä, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemek işlerine, hem-de toplumyň binýadynda täze desgalary gurmak işlerine gatnaşar.
Westport Trading Europe Limited kompaniýasy mundan ozal Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkuny täzelemek işlerine-de gatnaşypdy.Galyberse-de, bu kompaniýa 2002-nji ýylda-da Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň koks önümçiligine degişli bölümini döwrebaplaşdyrmak boýunça iş alypdy.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 1943-nji ýylda işe girizildi.Westport Trading Europe Limitediň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň Aşgabatda şahamçasy bar.Bu kompaniýa hususan-da öňki sowet respublikalarynyň senagat toplumlarynyň inženerçilik işlerine gatnaşýar.
Beýleki tarapdan, Foreign Policy britan aň-düşünje merkeziniň soňky ýaýradan hasabatyna görä, Türkmenistanyň hödürleýän biznes şertleri daşary ýurt kompaniýalary üçin ygtybarsyz bolup durýar.Eýsem, bu ýagdaý göz öňünde tutulanda Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawody döwrebaplaşdyrmaga girişmegi kompaniýa üçin töwekgelçilik dälmi?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen Merkezi Aziýa boýunça eskpert Brýus Panniýere ýüzlendi. “Örän töwekgelçilikli.Men hem bu habary ilki görenimde birhili geň gördüm.Elbetde, biz olaryň (kompaniýanyň) türkmen resmilerinden nähili kepillikleri kabul edendiklerini bilmeýäris.
Bu kompaniýa Türkmenistanda ozal hem iş etdi. Ýöne bu köp wagt mundan ozal boldy. Şonuň üçin, men bilmedim, belki-de olarda oňat tejribe bardyr, belki-de olara biri kepillik geçýändir. Ýöne Türkmenistanda pul ýitirim bolýan ýaly.
Köp adam ol ýerde iş etdi (maýa goýdy), soň hem puluny alyp bilmediler.Agzalýan bu kompaniýa türkmen resmileri bilen her näme gepleşen-de bolsa, olar özleriniň “demir galkan” hasaplan kepilliklerini alandyr diýip umyt edýärsiň” diýip, Panniýer aýtdy. Ýatlasak, mundan ozal Türkiýäniň “Seçe Group”, Russiýanyň “MTS”, Germaniýanyň “Unionmatex Industrieanlagen”, Argentinanyň “Bridas”, Italiýanyň “ENI” we beýleki käbir kompaniýalaryň Türkmenistan bilen aradaky dawalaryny çözmek üçin Bütindünýä bankynyň binýadyndaky Arbitraž dawalaryna seredýän halkara merkeze arz edendikleri barada habarlar peýda bolupdy.
Geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen hökümeti Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasy bilen aradaky dawany hem arbitražda çözmäge taýýarlyk görýändigini mälim edipdi.Türkiýäniň “Çakyrogly Group” kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Oguzhan Çakyrogly şu ýylyň iýun aýynda Reuters habar agentligine beren interwýusynda öz kompaniýalarynyň Türkmenistandan almaly algylaryny 4-5 ýyl bäri alyp bilmän gelýändiklerini aýdypdy.
Türkmenistanyň gurluşyk firmalarynda zähmet çeken onlarça türk gurluşykçylar özleriniň iki ýyl bäri türkmen firmalaryndan jemi 800 müň dollar töweregi zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdyp geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde piket geçirmäge synanyşdy.
Türkmen resmileri Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylykly şertlerini boýun almaýar. Ýurduň döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, häzirki wagtda “Westport Trading EU Limted”, “Weatherford”, “Coca-Cola”, “Honeywell International Inc”, “Caterpillar”, “Microsoft”, “John Derre”, “General Electric”, “Boing” ýaly amerikan kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.