Amerikan kompaniýasy “Milany” satyn aldy

Italiýanyň “Milan” toparynyň eýesi üýtgedi. Ýagny topar amerikan kompaniýasynyň eýeçiliginden başga bir amerikan kompaniýasynyň eýeçiligine geçdi. “RedBird Capital” kompaniýasy Italiýanyň dünýä belli klubunyň paýnamalarynyň 70 göterimini “Eliot Managment” kompaniýasyndan satyn aldy. “RedBird Capital” şereketi munuň üçin 1,3 milliard ýewrony “Eliot Managment” şereketine berer. “RedBird Capital” şereketiniň ýolbaşçysy Jerri Kardinal bu baradaky protokola gol çekdi. “Eliot Managment” şereketi “Milany” 2018-nji ýylda Li Ýonhondan satyn alypdy.

Milan topary bilen Bahreýniň “Investcorp” kompaniýasy hem gyzyklanýardy.Olar 1,18 milliard ýewro satyn almakçy bolupdylar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
Mahindra & Mahindra elektrik ulaglaryny öndürmekçi
Iki kompaniýa “Milany” satyn almak isleýär
Arap maýa goýum gaznasy Milan klubuny 1,2 mlrd ýewro satyn alyp biler