Häzirki wagtda Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 3,3 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 180 sany taslama alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew sişenbe güni öz işine başlan Türkmen-amerikan işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Wise-premýer bularyň esasan hem “Boeing”, “General Electric” we “John Deere” ýaly kompaniýalaryň taslamalarydygyny belledi. Şeýle hem Batyr Atdaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň ýurtda ylmy we innowasiýa pudaklaryny döretmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmekde uly mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary geçen ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 38,7 million ABŞ dollaryna, 2023-nji ýylyň ýanwar oktýabr aýlarynda bolsa 65,12 million ABŞ dollaryna deň bolup, şu ýylyň on aýynyň görkezijisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse köpdügini aýtdy.
Wise-premýer Batyr Atdaýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistandan ABŞ-a eksport edilýän esasy harytlar nebit-gaz toplumynyň we himiýa senagatynyň önümleri bolup durýar. Türkmenistan esasan enjamlary we gurallary, metal önümlerini, ulag serişdelerini we ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de azyk önümlerini import edýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda sişenbe güni türkmen-amerikan işewürlik forumy öz işine başlady we 7-nji dekabra çenli dowam eder.