
Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümeti, awiasiýa pudagynda işleýän Federal Awiasyýa gullugyndan 400-e golaý adamy işden çykardy.
Transport ministri Şon Daffi işden çykarmalar baradaky habary tassyklady we howa gözegçilik merkezlerinde işleýänler bilen howpsuzlyk gulluklarynda işleýänler öz işine dowam etjekdigini belledi.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Waşingon DS-de asuda ilatdan azyndan 64 adamyň we 3 esgeriň ýogalmagyna sebäp bolan uçar heläkçiliginden soň şeýle kararyň kabul edilmegi ünsleri özüne çekdi.