Wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçiren Amerikan Döwletleri Guramasyna agza ýurtlar, Ukrainadaky hadysalar barada pikir alyşdylar.
Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşini ret edýän jarnama gol çeken agza ýurtlaryň aglabasy, Ukrainanyň halkynyň başyndan geçirýän kyn şertleri göz öňünde tutup, Ukrainanyň halky we hökümedi bilen raýdaşlyk içindediklerini beýan etdiler.
Ugradylan hatyň düzüminde başdan geçirilen soňky wakalaryň ýakyndan gözegçilik edilýändigi bellenip: "Dialog we diplomatik gepleşikleriň örän ýakyn wagtda, sebitiňizde kadaly durmuşyň ýaňadandan dikeltmek bilen birlikde sebitiň we dünýäniň durnuklylygy üçin hemişelik bir çözgüde ýetirjekdigine ynanýarys" diýip habar berildi.
Berilen beýanatda: "Hökümetiňiziň düşünjesi we gymmatly hyzmatdaşlygynyň saýasynda Ukrainada örän gowy garşylanan köp sanda Latyn Amerikaly we Karibli üçin dowamly we howpsuz ewakuasiýany koordinasiýa etmek üçin rugsat bermegiňizi haýyş edýäris" diýip aýan edildi.
Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşini ret eden jarnama gol goýan ýurtlar ABŞ, Kanada, Çili. Kosta-Rika, Ekwador, Gwatemala, Ýamaýka, Meksika, Panama, Paragwaý, Peru, Dominik Respublikasy, Surinam, Trinidad we Tobago, Urugwaý we Kolumbiýa ýaly ýurtlardan ybarat.
Gol goýmakdan saklanan ýurtlaryň hatarynda bolsa Argentina, Braziliýa, Boliwiýa we Nikaragua bar.
Russiýanyň esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başlatdy.