Amerikaly uçarman kosmosda bolmagyň täsirleri hakynda gürrüň berdi

Amerikaly uçarman kosmosda bolmagyň täsirleri hakynda gürrüň berdi

“Science Focus”-yň awtory Ýen Teýlor kosmos gämisiniň uçarmanynyň kosmos syýahaty baradaky täsirlerini çap etdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, kosmos uçuşlary boýunça iş alyp barýan Virgin Galactic kompaniýasynyň baş piloty Deýw Makkeý uçuş wagtynda bolup geçýän zatlar barada giňişleýin gürrüň berdi.Makkeýiň pikiriçe, kosmosda nol agyrlyk güýjüne geçiş hadysasy haýaljakdan bolup geçýär.

Ilki bilen raketanyň bady güýçlenýär, soň bolsa agramsyzlyk başlanýar.Ilk-ä - bütinleý ümsümlik bolýar, soňra bolsa kosmos gämisiniň daşyndan sesler eşidilip ugraýar diýip, Makkeý belleýär.

Uçarmanyň pikirine görä, kabinanyň penjiresinden başaşaklygyna ajaýyp görnüş açylýar. Kosmosyň özi garaňky, gara reňkde, Ýer bolsa has ýagty görünýär. Şonda Ýeri, onuň daşyndaky ýukajyk atmosfera gatlagyny synlamak bolýar.

Umuman, kosmosda bolmak güýçli täsirleri galdyrýar. Şondan birnäçe hepdeden we birnäçe aýdan soň hem şol ýerde bolup geçen zatlar hakda pikir edýärsiň diýip, kosmonawt belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Deýw bu ajaýyp görnüşden lezzet almak üçin wagtyň ýokdugyny aýdýar. Bularyň bary bary-ýogy birnäçe sekuntda bolup geçýär diýip, kosmonawt belleýär.

Ýene degişli makalalar

“Boeing”-iň täze ýolbaşçysy
Koheniň Musaddan aýrylmagy; Täze döwrüň sebäpleri we geljegi
Amerika Hytaý üçin iň uly howp
Zombiler baradaky täze filmiň görkeziljek wagt mälim edildi
Griffiths: Amerika Ansarolla garşy çykaran kararyndan ýüz öwürmeli
ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi