Amerikaly türgen ýadro zyňmak boýunça 30 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly türgen ýadro zyňmak boýunça 30 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly Olimpiýa çempiony Raýan Krauser Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin milli saýlama ýaryşynda ýadro zyňmak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

28 ýaşly Krauser özüniň iň gowy synanyşygynda 23.37 metr netijäni görkezdi.Bu netije täze dünýä rekordyna öwrüldi.Mundan öňki 23,12 metrlik rekord hem ýene bir amerikaly türgen Rendi Barnsa degişli bolup, ol 1990-njy ýylda goýlupdy.

Ondan bäri 30 ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýudjinde (Oregon) geçirilýän bu bäsleşikde ikinji orny Jo Kowaç (22.34), üçünji orny bolsa Peýton Otterdal (21.92) eýeledi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar aýynda Krauser ýapyk giňişlikde 22.82 metr uzaklygy snarýad zyňyp, Barnes tarapyndan goýlan dünýä rekordlarynyň ýene birini täzeläpdi.

Mundan başga-da, ol 2016-njy ýylyň Olimpiadasynda ýeňiji boldy we 2019-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.

Ýene degişli makalalar

Wengriýanyň premýer ministri Türkiyä geldi
Ýewropa çempionatynyň eminleri
Horwatiýanyň düzümi belli boldy
Mewlüt Çawuşogly Bosniýa-Gersegowinada saparda bolýar
Ýewropa çempionatynda argentinaly emin
Energetika diplomatiýasy: halkara tejribesi atly onlaýn-leksiýa geçirildi