Amerikaly işewürleriň Türkmenistana gelmegine garaşylýar

Amerikaly işewürleriň Türkmenistana gelmegine garaşylýar

Türkmenistan ― ABŞ işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard Trend neşirine beren interwýusynda ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň ýakynda Türkmenistana sapar bilen gelip görmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Koronawirus pandemiýasy bilen bagly ählumumy çäklendirmeler sebäpli Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyna täsirini ýetirdi. Indi pandemiýanyň çynlakaý mesele bolmakdan çykandygy üçin Amerikanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana saparlary göz öňünde tutulýar diýip, Stýuart belledi.

Amerikan kompaniýalary Türkmenistan bilen oba hojalygy, energetika, maliýe, howpsuzlyk, syýahatçylyk we önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Golaýda Aşgabatda türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Şol maslahatyň çäklerinde hem köp sanly hyzmatdaşlyk ugurlary kesgitlendi.

Stýuart iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini belledi.

Şeýle hem Stýuart ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede saklap galmak bilen, söwdany ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen häkimiýetleriniň ýasama spirtli içgiler wakasy barada dymmagy ilat arasynda nägilelik döredýär
Hindistanda Koronawirus Sebäpli Maska Geýinmek Düzgüni Girizildi
Aşgabadyň Migrasiýa gullugynda pasport almak isleýänleriň uly nobaty döredi
Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär
Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Mugallymlaryň agyr güzerany işine we çagalaryň bilimine erbet täsir edýär