Amerikaly Henkok erkekleriň arasynda skitde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Amerikaly Henkok erkekleriň arasynda skitde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda skitde stend atyşygy boýunça final geçirildi. Amerikaly Henkok Winsent täze Olimpiýa rekordyny goýup, altyn medala eýe boldy. Ol 59 utuk netijäni görkezdi. Kümüş medaly daniýaly Ýesper Hansen (55 utuk) aldy. Kuweýtiň wekili Abdula Alraşidi bürünç medala mynasyp boldy. Ol 13 utuk yzda boldy.

Henkok üçin bu Olimpiýa altyn medaly karýerasynda üçünjidir, mundan öň ol 2008-nji we 2012-nji ýyllarda Olimpiýa çempiony boldy. Henkok ABŞ-nyň milli ýygyndysyna stend atyşygynda ikinji altyn medaly getirdi. Zenanlaryň arasynda bu altyn medaly täze Olimpiýa rekordy bilen amerikaly Ember Ingliş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
1,5 milliard dollara satyldy
Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglanyldy
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Arkadag medaly bilen sylaglanyldy
Paýhaslar
Niderlandlaryň medeniýeti