
Amerikaly alymlar Aýy we Marsy öwrenmek üçin möý-robot döretdiler. Enjam özbaşdak hereket etmäge, daş-töwerege baha bermäge hem-de ýerasty gowaklary barlamaga ukyplydyr. Göwrümi we möýüň hereket edişini başarýandygy sebäpli, enjam iň barmasy kyn bolan ýerlerde hem gezip bilýär. Ol şeýle-de diwardan asylyp ýöremäge we birbada birnäçe zady saklamaga ukyplydyr.
Enjam älemi öwrenmekde uly hyzmaty bitirip biler diýip, alymlar aýdýarlar.
Bu barada 24.kz habar berdi.