Amazonkanyň tropiki tokaýlarynyň brazil böleginde agaçlaryň çapylmagy 33 göterim kemeldi. Bu Prezident Lula da Silwanyň döwletiň başyna gelen ýarym ýylynyň dowamynda gazanylan oňyn netijedir diýip, Habar 24 ýazýar.
Şol bir wagtda sebitiň tokaýlardan mahrum edilmegiň derejesi geçen ýyldakydan 61 göterim azaldy. Braziliýanyň daşky gurşaw ministriniň sözlerine görä, bu toplumlaýyn geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinden mümkin boldy.
Ýeri gelende aýtsak, Amazonka tokaýlarynyň çapylmagy öňki Prezident Žair Bolsonaru döwründe rekord derejä çykypdy.
Braziliýanyň häzirki Prezidenti Lula da Silwa döwlet Baştutanlygyna saýlananda, ekologiýa meselelerine üns berjekdigini we tokaýlaryň çapylmagyna çemeleşmäni üýtgetjekdigini söz beripdi.