Amazonka derýasy

Suw Ýeriň üstünden we suw aýlawy diýlip atlandyrylýan hemişelik konweýer kemeri bilen ýokarda atmosferanyň arasynda aýlanýar.Derýalar Ýeriň beýik ýerlerinden aşaky böleklere suw daşaýan konweýeriň esasy bölekleridir.

Dünýäde 165 töweregi uly derýa hem-de millionlarça ownuk derýalar bar. Şolaryň arasynda Amazonka derýasy özüniň bol suwy, fauna we flora dünýäsi bilen tapawutlanýar.Uzynlygy, takmynan, 6 müň 800 kilometre barabar bolan Amazonka dünýädäki iň uzyn ikinji derýa hasaplanýar.

Amazonka 4 ýurtdan: Braziliýadan, Kolumbiýadan, Perudan we Wenesueladan akyp geçýär.Derýanyň esasy bölegi Braziliýada ýerleşýär.Amazon tokaýlyklaryny iýmitlendirýän Amazonka iň bol süýji suwly derýa bolup, sekuntda, takmynan, 200 müň litr süýji suwy ummana goýberýär.

Amazonka derýasy Günorta Amerika yklymyndaky süýji suwlaryň 40%-ini, Ýer ýüzündäki süýji suwlaryň bolsa, 20%-ini tutýar.Amazonka derýasynyň ugrunda 150 töweregi gidroelektrik bentler bolup, elektrik togy öndürilýär.

Geň galmaly zatlaryň biri hem derýanyň üstünden geçýän ýekeje-de köpriniň ýoklugydyr.Amazonka derýasynyň o kenaryndan bu kenaryna diňe gämili ýa-da gaýykly geçmeli bolýar. Ýagyş ýagan wagty derýanyň suwy adaty ýagdaýyndan 30 metre çenli ýokarlanýar.

Suw joşmalarynyň netijesinde derýa kenarlarynda tokaýlar hem-de batgalyklar emele gelýär.Amazonka dünýäde suw ulaglarynyň iň köp hereket edýän derýasy bolup, esasan, ýük daşamak işleri alnyp barylýar.

Amazonka köp sanly janly-jandarlaryň mekany hasaplanýar. Bu ýerde boto diýlip atlandyrylýan delfinlere hem duş gelmek bolýar. Beýleki delfinlerden tapawutlylykda botolar diňe süýji suwda ýaşaýarlar. Mundan başga-da, derýada tüňňi maňlaý, sarymtyl-ýaşyl dorado balygy hem ýaşaýar. Amazonka derýasynda ýaşaýan balyklaryň arasynda seýrek duş gelýän dorado balykçylaryň iň arzyly önümidir.

Şahalanyp akýan Amazonka derýasy ýokardan seredeniňde egrem-bugram bolup barýan ýylana meňzeýär.Dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekýän bu derýada syýahatçylar üçin gämili gezelençler guralýar.Amazon tokaýlygy bilen derýanyň utgaşykly gözelliginden lezzet alýan syýahatçylar mör-möjekleriň, guşlaryň, ösümlikleriň, maýmynlaryň hem-de gaplaňlaryň dürli görnüşlerini synlap bilýärler.

Garaşylmadyk wakalary we täsirli başdangeçirmeleri halaýanlar üçin Amazonka iň gowy tebigy syýahatçylyk merkezleriň biridir.Bu ýerdäki tropik tokaýlyklarda 400-den gowrak amazon taýpasy ýaşaýar.Amazonka gelýän syýahatçylara amazon obalary, ilaty we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik döreýär.

Bu ýerde syýahatçylara ýerli nahar bişirmek usullary görkezilmek bilen bir hatarda, agaja dyrmaşmak, açyk eýwanly jaýjagazlarda dynç alyş hem-de agaja surat çekmek çäreleri hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Amazonkada gadymy şäher ýüze çykaryldy
Alaw nagyşly gurbaga tapyldy
Amazonkanyň tokaýlarynyň çapylmagy 33 göterim azaldy
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy