“Amazon”-yň täze hyzmatlary

“Amazon” kompaniýasy 2024-nji ýylda Ýewropada “Prime Air” drony bilen eltip berme hyzmatyny ýola goýar.Tehnologiýa ägirdi “Amazon”-yň şuňa meňzeş islegleri birnäçe ýyl ozal, has takygy 2013-nji ýylda peýda bolupdy. Şol döwürde Jeff Bezos bu hyzmatyň aýratynlyklary barada ilkinji gezek belläp geçipdi. Şeýle-de bolsa, diňe häzir bu pikir anyklandy we ABŞ-da birnäçe synaglardan soň 2024-nji ýylyň ahyrynda bu hyzmat Ýewropa ýurtlarynda ýola goýlar. “Amazon” kompaniýasy öz sargytlary üçin dronlaryň hyzmatyndan peýdalanyp, sarp edijilere ýetirjek ilkinji Ýewropa ýurtlary Italiýa we Beýik Britaniýa bolar.

Bu hyzmat 2022-nji ýylyň ahyrynda Demirgazyk Amerikanyň az ilatly şäherleri Lokkfordda (Kaliforniýa ştaty) we Kollej-Steýşnde (Tehas ştaty) täjirçilik maksady bilen ýola goýuldy we bir sagadyň içinde 2,25 kilograma çenli agramdaky ýüki eltip berdi. Göz öňünde tutulýan dron öňküsinden 40 göterim asuda, 10 metr beýiklige çykýar we güýçli bolmadyk ýagyşda we şemalda uçup bilýär.

Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli bu täze ulgamyň kömegi bilen, her ýylda 500 million sargyt almagy meýilleşdirýär. Ýewropada dronlar “Amazon”-yň gündelik logistika paýlaýyş merkezleriniň üsti bilen dolandyrylar we ýük awtoulaglaryň we beýleki ýük daşalýan ulaglaryň gidýän ýerlerinden iberiler. “Amazon” dronlaryny her ýurtda bir merkeze jemläp ugrar we öz hyzmatlaryny kem-kemden giňelder.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Mask ýene-de baý boldy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy