Amazon derýasynyň basseýnindäki gadymy şäheriň galyndylary asman giňişliginden lazerler arkaly tapyldy.Bilermenler bu sebitde mundan ozal bardygy çaklanylýan, emma tokaýyň çuňluklarynda ýitip gidendigi üçin üstünden barylmadyk şäheriň galyndylaryny tapdylar.
Gadymy binalar Angliýanyň Ekseter uniwersitetiniň professory Joze Irýarte hem-de halkara derejeli beýleki hünärmenler topary tarapyndan Boliwiýadaky Lýanos-Mohos sawanna tokaýynda tapyldy.Gadymy şäheriň çäginde beýikligi 70 metre barabar bolan konus şekilli piramidalar hem bolupdyr. Şeýle hem bu ýerde çylşyrymly suwaryş ulgamy we meýdany 30 futbol meýdançasynyňka barabar ýerde ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.
500-1400-nji ýyllar aralygynda Kasarabe halkyýetleri tarapyndan gurlan şäherler wagtyň geçmegi bilen tokaýyň basmagy netijesinde ýitip gidipdirler. Tokaýyň jümmüşindäki bu syrlary açmak üçin hünärmenler radara meňzeýän, emma lazer şöhleli lidar tehnologiýasyndan peýdalanypdyrlar.
Professor Irýarte Amazonyň Boliwiýadaky bu böleginde gadymy halkyýetleriň medeniýet döredendiklerini güman edýändiklerini, emma subutnamalaryň tokaýyň kölegesiniň aşagynda gizlenip ýatandygyna ünsi çekip, oňa baryp görmegiň kyndygyny aýtdy. Professor lidar ulgamy arkaly terassalary, geçelgeleri, gözegçilik nokatlary bolan goraglary we suw howdanlaryny ýüze çykarandyklaryny belleýär.
Aknur ÖDEKOWA,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Çärjew etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.