“Hollywood Reporter” tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, tehnologiýa ägirdi hasaplanýan "Amazon" taryhda iň gymmat serialy surata düşürer. Gürrüň "Ýüzükleriň hökümdary" fantastik serialy hakda barýar diýip, ferra.ru habar berdi.
Aýdylmagyna görä, serialyň diňe birinji möwsüminiň özi “Amazon Studios”-a 465 million dollara düşer. Şeýle hem kompaniýanyň 500 million dollara serialyň ýene birnäçe möwsümini surata düşürmegi meýilleşdirýändigi bellenilýär. Täze Zelandiýanyň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk ministri Stýuart Neş serialyň şu wagta çenli öndürilen iň uly teleserial boljakdygyny nygtaýar.
Çykdajylar Täze Zelandiýanyň hökümetiniň resmi maglumat baradaky Kanunyna laýyklykda çap edildi. Resminamalarda studiýanyň Täze Zelandiýada serialyň bäş möwsümini surata düşürmekçi bolýandygy hem görkezilýär. Mundan öň möwsümiň 8 bölümden ybarat boljakdygy habar berlipdi. Ýagny, “Ýüzükleriň hökümdary” serialynyň bir bölüminiň bahasy, takmynan, 60 million dollar bolar.