“Amazon” MGM studiýalaryny satyn alar

Dünýäniň iň uly söwda platformalarynyň biri bolan “Amazon” iri film taslamalaryny durmuşa geçiren MGM studiýalaryny (Metro-Goldwyn-Mayer Studios) satyn alar.Bu barada Angliýanyň “Financial Times” neşiri habar berýär.

Neşir munuň üçin gepleşikleriň geçirilýändigini, “Amazon” bu şertnama üçin 9 milliard dollarlyk býujeti taýýarlandygyny mälim etdi.Mundan ozal “Warner Bros” bilen AT&T, “Fox” bilen “Disney”, “Universal” bilen “Comcast” we “Paramount” bilen “ViacomCBS” kompaniýalary birleşipdi. Şeýlelikde MGM Holliwudda iri kompaniýalar tarapyndan satyn alynmadyk az sanly studiýalaryň biri bolup galypdy. “Jeýms Bond” seriýalaryny döreden MGM “Fargo”, “The Handmaid’s Tale”, “Hobbit” ýaly iri film taslamalaryny durmuşa geçiripdi.

“Jeým Bond” seriýasynyň soňky filminiň prokata goýberilmegi “Covid-19” pandemiýasy sebäpli togtadylypdy. MGM bu filmiň ýaýlyma goýberilmegi üçin “Netflix” bilen gepleşikler geçiren hem bolsa, netije alynmandy.

Ýene degişli makalalar

“Unilever” kompaniýasy çaý telekeçiligini satdy
Beýik Britaniýanyň maýa goýum gaznasy Unilever kompaniýasynyň Lipton we Brooke Bond markalaryny satyn alýar
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Disney we Sony rus prokatyna deňeçer importyň ýoly bilen dolanmak isleýärler
Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy