Amazon dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy

Amazon dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy

Dünýäde iň iri onlaýn-riteýleriň biri bolan Amazon kompaniýasy Brand Finance Global 500 reýtinginde dünýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi. Ol geçen ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, öz nyrhynyň 51 milliard dollaryny ýitirendigine garamazdan, öňki gymmat brend bolan Appleden hem öňe saýlanmagy başardy diýip, Trend ýazýar.

Apple kompaniýasynyň bu ýylky reýtingde ikinji orna düşendigi habarda aýdylýar, kompaniýa geçen ýyldan bäri 16 göterim arzanlady we häzir 297,5 milliard dollara deňdir.

Öňdäki orunlaryň bäşligi geçen ýyldakydan üýtgewsizligine galdy, üçünji orny Google (281,4 mlrd dollar), dördünji orny Microsoft (191,6 mlrd) we bäşinji orny Walmart (113,8 mlrd dollar) eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Dünýäniň iň gymmatly brendleri
Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi
Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy
Lego dokuzynjy ýyl dünýäde iň gymmatbaha oýnawaç brendi boldy
Messiniň gitmegi “Barselona” gymmada düşer