Amazon 3,9 mlrd dollara One Medical lukmançylyk kompaniýasyny satyn aldy

Amazon 3,9 mlrd dollara One Medical lukmançylyk kompaniýasyny satyn aldy

Amazon.com Inc. amerikan internet-riteýleri ilkinji lukmançylyk sanitariýa kömegini üpjün edýän One Medical kompaniýasyny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Baş kompaniýasy 1Life Healthcare Inc.bolan One Medical ABŞ-da 182 lukmançylyk ofisini dolandyrýar.Amazon One Medical-yň paýnamasy üçin 18 dollar tölär, şertnama karzy hasaba almak bilen 3,9 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Şeýlelik bilen, Amazon saglygy goraýyş pudagynda giňelmegini dowam etdirýär. 2019-njy ýylda ol PillPack onlaýn dermanhanasyny satyn aldy, soňrak işgärler üçin ilkinji kömek klinikasyny açdy. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, One Medical-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Amir Den Rubin bolup galar.

Amazon-yň paýnamalary penşenbe güni söwdanyň dowamynda 0,7% arzanlady. 1Life Healthcare Inc.kompaniýasynyň kagyzlary 67,8% gymmatlaýar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde 350 orunlyk döwrebap köpugurly hassahana açyldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Turkmen-Russian high-level negotiations were held in Ashgabat
Briefing in the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
Briefing on the results of the visit of the WHO Regional Office for Europe mission to Turkmenistan