Amazon 2022-nji ýylda Kuiper internet hemralarynyň ilkinji iki prototipini uçurar

Amazon 2022-nji ýylda Kuiper internet hemralarynyň ilkinji iki prototipini uçurar

Amazon-yň golçur kärhanasy Kuiper Systems 2022-nji ýylda iki prototipli internet emeli hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Amazonyň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna (FCC) beren ýüz tutmasyna salgylanyp, The Verge ýazýar.

Iki prototip - KuiperSat-1 we KuiperSat-2 - häzirki wagtda ABL Space Systems startapy tarapyndan işlenip düzülýän synag RS1 raketasynyň kömegi bilen orbita çykarylar.

Kuiper-iň maksady ýakyn on ýylda bütin dünýäde internete giň elýeterliligi üpjün etmek üçin 3236 hemradan ybarat topary Ýeriň aşaky orbitasyna çykarmak bolup durýar. Netijede, interneti ulanmak üçin infrastruktura döretmek kyn bolan obalar we beýleki sebitler bilen işleşmek meýilleşdirilýär.

Bu, bir tarapdan, Ilon Maskyň kompaniýasynyň hemra internetine elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýän Starlink konsepsiýasyna meňzeýär. Şeýle-de bolsa, Amazon-dan tapawutlylykda, SpaceX eýýäm 1700 hemrany orbita uçurdy. Umuman alanyňda, kompaniýa, azyndan, 12 müň hemrany uçurmagy, belki-de onlarça müň uçuryşy meýilleşdirýär.

Geçen hepde Amazon uçuş üçin ulanyljak hereketlendirijileri synagdan geçirdi. Ilkinji prototipler Ýerden 590 kilometr belentlikde işlär. KuiperSat-1-e we KuiperSat-2-ä antennalar, modemler we hereketlendiriji gurluş ýerleşdiriler. Şeýle hem Kuiper taslamasynyň gutarnykly bahasynyň 10 milliard dollar boljakdygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Türkmentel 2024: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär
Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy