Amasýa Jarnamasy

Amasýa Jarnamasy

Gepleşigimiziň bu sanynda sizi 105 ýyl ozalky taryhy pursada alyp gitmek isleýaris. Amasýa Jarnamasynyň üçünji maddasyna salgylanyp, “milletiň garaşsyzlygyny, milletiň gaýraty we ygrarlylygy halas eder”, çünki diýip söze başlaýarys.

Osman döwleti 1-nji Jahan urşynda ýeňilip, Sewr şertnamasyny baglaşýar we hukuky taýdan dargaýar.Paýtagt Stambul bilen bilelikde Anadolynyň dürli etraplary ýeňiji döwletleriň öz aralaryndaky ylalaşyklaryna laýyklykda dürli goşunlar tarapyndan basylyp alynýar, Osman Wekiller Mejlisi bes edilýär.

Emma 1919-njy ýylyň 16-njy maýynda Stambul portundan ugran Bandyrma gämisi bilen Samsuna resmi sapara çykan 38 ýaşly general, arkasyna türk milletini alyp, şol oýuny bozýar.

Mustafa Kemal 19-njy maýda Samsuna gadam basandan soň dessine harby we resmi ýolbaşçylar bilen gepleşikler geçirmäge, Anadolyda basyp alyjylara garşy göreşjek hereket üçin taýýarlyk görmäge başlaýar. 21-nji iýundan 22-nji iýuna geçilýän gije ýazylan, Türk azat edijilik söweşiniň maksatnamasy häsýetine eýe Amasýa Jarnamasy bilen ol bütin dünýä yglan edilýär. Jarnamanyň taryhy ähmiýetli dört maddasy şeýle:

Mälim bolşy ýaly Atatürk we egindeşleri bu maddalary gyşarnyksyz ýerine ýetirip, ilki ýurdy basyp alyjylardan halas edýär, soň Türkiýe Respublikasynyň garaşsyz döwletdigini bütin dünýä ykrar etdirýär.Stambul hökümetiniň Türkiýäni dolandyrma ygtyýaryna eýe däldigini nygtaýan jarnama, uruş şertlerinde-de milli özygtyýarlylyk adalgasyny ileri tutýar. Şeýlelikde 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde Beýik Millet Mejlisi, adatdan daşary ýagdaýda-da milletiň wekilleriniň pikirleri bilen Azat edijilik söweşini gönükdirip, taryha geçýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Respublika Baýramy Dabaraly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär
“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi