Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda Aman Kekilowyň Söýgi romany esasynda täze spektakl sahnalaşdyryldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.
Spektaklda Laçyn Nuryýewa, Arslan Hojagurbanow, Parahat Ylýasow dagy baş gahrymanlaryň keşplerinde çykyş edýärler.
Şygyr görnüşinde ýazylan Söýgi romany Aman Kekilowyň adyny türkmen edebiýatynda müdimilik goýdy we köp ýyllaryň dowamynda teatrlaryň sahnasyndan düşmän gelýär. Bu esere täzeden ýüzlenmek bilen Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri adamlaryň durmuşyndaky bolup geçýän wakalara, meselelere, olaryň arzuw-umytlaryna üns berýärler.
Belläp geçsek, ykbalyň güýçli urgularyna garşy duran we adamlarda geljege bolan ynamy sowgat eden söýginiň belent duýgulary hakyndaky bu eseri, ýagny Söýgi romanyny ýazmak üçin Aman Kekilow ömrüniň 20 ýylyny sarp edipdir.
Spektakl ýakyn wagtda tomaşaçylara görkeziler.